Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Entekler kompozitor döremez


Aşgabadyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatry
Aşgabadyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatry
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda bolup geçen mejlisinde ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň biri Maýsa Ýazmuhammedowa Türkmenistanda milli sazlary döretjek kompozitorlary taýýarlamagyň gerekdigini aýdyp, soňky döwürde ýurduň radio-telewideniýesinde berilýän aýdymlarda milli öwüşginiň asla ýokdugy, aýdylýan aýdymlaryň daşary ýurt sazlaryna salnyp aýdylýandygy üçin igendi.

Prezident Berdimuhamedowyň bu aýdýanlary örän dogry. Soňky döwürde aýdym bilen bagryny badaşdyrýan ýaşlar saz, kompozitor meselesinde doly ýetim galdylar. Ýaşlaryň köpüsi sowet döwründe aýdylýan aýdymlara dolandylar. Köpüsi bolsa, çem gelen milletiň sazyna goşgyny tirkäp, aýdym aýdýar. Esasan hem ors, türk, arap sazlary ogurlanyp aýdylýar. Sebäbi Nyýazowyň ýapyk režimi sebäpli, durmuşyň her bir pudagyndan işeňňir adamlaryň režim tarapyndan köçä zyňlyşy ýaly, edebiýat, sungat babatda hem zehinli adamlar özleriniň söýgüli hünärlerinden daşlaşdyryldy.

Edebiýat meýdanynyň ýazyjysyz, şahyrsyz galyşy ýaly, saz älemi hem özüniň zehinli kompozitorlaryny ýitirdi. Kompozitorlaryň köpüsi aradan çykdy, köpüsi bolsa bir adamyň islegine laýyk geljek sazlary döretmegi buýruk berýän režimiň gysyşyna çydaman, özleriniň söýgüli kärleri bilen hoşlaşmaly boldular. Köpüsini ýurtdaky režim çete taşlady.

Türkmeniň milli sazy

«Kompozitorlary taýýarlamak gerek» diýeniň bilen kompozitorlary taýýarlap bolmaýandygyna akylly adamlar düşünýän bolsa gerek. Doktorlary, inženerleri, şofýorlary, mugallymlary, hatda (çynyňy etseň) sazandalary-da taýýarlap bolýar. Ýöne kompozitory welin hiç kim taýýarlap bilmez. Sebäbi kompozitorlyk ukybyny adama tebigat berýär. Ýaşuly türkmenler bu ýagdaýa «Hudaý tarapyn berlen zehin», «Hakdan içen» diýip, kesgitleme berýärler.

Sungat mekdeplerinde, sazçylyk uçilişşelerinde, konserwatoriýalarda ýüzlerçe adamlar saz ugrundan bilim alýarlar. Emma olaryň bary kompozitor bolup biläýenok. On ýyldan, bäş ýyldan bir hakyky kompozitor ýüze çykardy. Sebäbi kompozitor bolýan adam ýöne-möne adam bolmaýar. Gijelerine notanyň yzyna nota tirkäp, ony hem haýsydyr bir saz guralynda çalyp görmek bilen ýürege barýan sazy döredip bolmaýar. Saz — adamzat durmuşynyň, adamzat ýaşaýşynyň heňe geçmesidir. Saz adamda gynançly duýgyny-da, şatlykly duýgyny-da oýaryp bilmeli. Duýga täsir edip bilmeýän heňden saz bolmaz.

Durmuş şatlyk bilen gaýgydan ybarat. Sazy döredýän adam durmuşdaky ajylygy hem süýjüligi duýup bilmeli. Saz düzýän adam durmuşdaky gaýgy-hasraty, şatlygy duýmaly. Şol duýan zadyňy hem heňe geçirmegi başarmaly. Gowy saza islendik halk düşünýär. Saza terjime gerek däl. Gowy saz islendik adam üçin düşnüklidir.

Türkmeniň ussat sazandasy Mylly Täçmyradowyň çalýan «Gökdepe mukamyny» ýatlalyň. Ony diňledigiňsaýy gussa batyberýäň. Ol sazy Gökdepe galasy goralyp durka, türkmenleriň läşi serlip ýatyrka belli sazanda Amangeldi Göni döredipdir diýýärler. Saz Gökdepe galasynda bolan pajygaly wakany göz öňüne getirýär. Ol sazda aglap oturan ýüregi duýup bolýar. «Gökdepe mukamy» çalnyp durka hiç kim şatlykly duýga gaplanyp bilmez. Hakyky sazlar şeýle bolmaly. Seni öz beýan edýän wakasyna dolap almaly.

Türkmen milli sazynyň hiç bir halkyňka meňzemeýän heňiniň bardygyny köp sazşynaslar ýazdylar. Kawkaz halklarynyň sazynyň äheňiniň birmeňzeşdigi, özbek, täjik halklarynyň sazlarynyň-da äheňiniň birmeňzeşdigi, Ýewropa halklarynyň sazlarynyň äheňdeşdigi, emma türkmenleriň welin sazynyň hiç bir halkyňka meňzemeýän, aýratyn heňiniň bardygy, Moskwada Orta Aziýa halklarynyň aýdym-saz festiwaly geçirilse, türkmen sazlaryny diňlemäge ýörite gidýändikleri hakda sowet döwründe ors gazetlerinde örän köp adamlar ýazardylar.

Türkmenler we kompozitorçylyk

Tä Türkmenistanda sowet hökümeti gurulýança türkmeniň sazlary notasyz döredi hem notasyz çalynýardy. Belli kinorežissýor Alty Garlyýewiň «Mukamyň syry» filminde türkmen sazyny nota geçirmäge, öwrenmäge gelen rus sazşynas Uspenskiden filmiň baş gahrymany Didar bagşynyň: «Heý, sazy hem kagyz ýüzüne ýazyp bolarmy?» diýip, geň galyp soramasy ýöne ýerden däl. Nota diýen zadyň nämedigini türkmen sazandalary, bagşylary, saz döredijileri diňe sowet hökümeti ýyllary içinde bildiler.

Notasyz döredilse-de, notasyz çalynsa-da, türkmen halk sazlarynyň bahasyna ýetme ýokdur. Olary çalan bagşy-sazandalaryň, gaýtadan işlänleriň, milli sazlarymyzy döredenleriň atlary türkmeniň saz taryhynda hormat bilen tutulýar. Mylly Täçmyrat, Pürli Sary, Çary Täçmämmet, Girman bagşy, Orazgeldi Ylýas… Olaryň hemmesiniň adyny sanap çykmak mümkin däl.

Türkmen-sowet kompozitorlarynyň arasynda zehin bolup orta çykanlaryň biri Nury Halmämmedow Bäherden etrabyndan. Türkmen halk sazlaryny gaýtadan işlänligi üçin, öz döreden sazlaryny-da türkmen halk sazlarynyň äheňinde döredenligi üçin zehinli kompozitorymyz Nury Halmämmedowyň sazlary örän şirin. Ol türkmenleriň meşhur «Aýgytly ädim» filmini saz bilen bezän kompozitordyr.

"Türkmenkinofilmiň" N.Halmammedow barada düşüren filminden bölek



Türkmen sazynyň aýratynlygy

Türkmen sazlary beýleki halklaryň sazlaryndan äheňiniň agraslygy bilen tapawutlanýar. Türkmen halk sazlaryna goşup tans edip bolmaýar. Diňlän çagyň türkmen sazlary başyňy ýaýkadyberýär. Türkmen sazlary gulak bilen däl-de, ýürek bilen diňlenýär. Umuman, türkmenler hiç wagt sazyň gapdalynda tans etmändirler. Diňe Günbatar Türkmenistanda ýomut türkmenleriniň «Küşt depdi» tansy bar. Bu tans hem aslynda porhan sanawajy ýaly, halk döredijiligine degişlidir.

Sowet döwründe Türkmenistanda milleti azerbaýjan bolan kompozitorlaryň türkmen kinolary üçin käbir sazlary döretmegi türkmen sazlaryna tans äheňini çaýdy. Ýogsam bolmasa, türkmen-sowet kompozitorlarynyň sazlarynda hem tans äheňi duýulmaýar.

Türkmenistanda tans sungatynyň döremegi bilen köp sazlara goşup (ýene şol, kawkaz milletinden bolan tans goýujylar) tans döretdiler. «Çopanlaryň tansy», «Jüýjelerim», «Palaw tansy» ýaly tanslar döredi.

Aýdymçylar Jemal Saparowa bilen Gülşirin Alyjanowa Garaşsyzlyk ýyllarynda öz toparlaryndaky gyzlara halk sazlaryna goşup tans etmegi-de öwretdiler. Türkmenleriň gupbaly gyzy, kürteli gelni hiç wagt tans etmeýänem bolsa, Jemal Saparowa bilen Gülşirin Alyjanowa kürteli gelinler bilen gupbaly gyzlary dutarda çalynýan halk sazynyň gapdaly bilen tans etdirdiler.

Türkmen sazynyň zaýalanmagy

Türkmenbaşy hökümetiniň häkimlik eden ýyllarynda türkmen saz sungaty wirus düşen kompýutere dönderildi. Mälim bolşy ýaly, döredilýän ähli goşgularyň ýarysy-ha Türkmenbaşy hakdady, galan ýarysam Türkmenbaşynyň «öz ýazan» goşgularydy. Olar bolsa örän bolgusyz hem ýuwandylar, suwjukdylar, ýaranjaňlyk äheňine ýugrulandylar. Ýüregiňe batýanja tema bolmasa, bolgusyz goşgulara kimiň saz düzesi gelýär?

Hakyky kompozitorlar Türkmenbaşy hakdaky goşgulara hem-de Türkmenbaşynyň «goşgularyna» saz ýazmakdan gaçdylar. Köpüsini Türkmenbaşy bendäniň özi gyraklatdy. Bir döwüm çörek üçin her gün Türkmenbaşynyň «goşgusyna» hem-de Türkmenbaşy hakdaky goşgulara saz düzen kompozitorlar bar. Ýöne biz utandyrmazlyk üçin olaryň atlaryny tutup durmalyň. Her gün bir saz düzmek nämeden habar berýär? «Lolynyň eşegini suwa ýak-da, hakyny al» diýen pikire gulluk edilenlikden habar berýär. Aslynda bir günüň içinde döreýän saza saz bir diýip boljakmy?

Şeýle ýagdaý bilen on bäş ýyl geçirildi. Bu on bäş ýylda türkmeniň saz älemi özüniň şirin mukamlaryny, şirin mukam döredijilerini ýitirdi. Tanyşlyk hem parahorluk bilen ýokary okuwlara girilmek endiginiň ýurtda mäkäm ornaşmagynyň netijesinde talantlar ýitirildi.
«Haýsy okuw jaýy bolsa-da, tapawudy ýok, diplom alsam bolýa» diýip okuwa girýänlerden hiç wagt kompozitor çykmaýar. Ýedi arka barlamak, gara sanawlar hem munuň üstesine. Haýsydyr bir döwri wasp etmek buýrugy hem sazyň düýbüne palta urýar. Saz döwri wasp ediji bolmaly däl, saz ýürekden dömüp çykan şatlyk ýa-da gaýgy hasrat-duýgusy bolmaly.

Kompozitorlaryň döremegi üçin saz ugrundan bilim berýän okuw jaýlarynda tanyşparazlyk, para bermek bilen okuwa almak düzgünini ýatyrmaly. Gara sanaw, ýedi arka diýen ýaly bolgusyz sprawkalary saz ugrundan okuwa girjekler babatda ulanmaly däl.

Şu zatlar berjaý edilen ýagdaýda ýene on-on bäş ýyldan Türkmenistanda kompozitor döremegi mümkin diýip, umyt edip bolar. Eger şu zatlar berjaý edilmese, Türkmenistanda entek-entekler kompozitoryň döremejekdigine güwä geçip bolar. Kompozitory Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň biri Maýsa Meredowna Ýazmuhammedowa igeneniň bilenem döredip bolmaz.

Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG