ABŞ we günbatarly ýaranlary tarapyndan iberilýän ýardamlaryň gelip başlamagyna garamazdan, bu betbagtçylykdan özüni alyp çykmak üçin Pakistana ençeme ýyl wagt gerek.
Bu sil heläkçiligi we şol sebäpli ýüze çykan beýleki problemalaryň edil häzir agzybirlik juda zerur pursatynda Pakistanda syýasy, etniki we dini taýdan ýurduň bölünmegine getirmegi ahmal.
Hökümetiň silden ejir çekýän adamlara ýeterlik ýardam bermeýänligi barada eýýäm şikaýatlar eşidilýär. Şeýle garaýyşlar ilki bilen puştunlaryň köpçülikde ýerleşýän Haýbar-Pahtunkwa welaýatynyň Peşawar, Nowşehra, Çarsada, Suwat we Şangla ýaly etraplarynda ýaňlanýar.
Haçanda Pakistanyň merkezi federal hökümetiniň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani siliň Haýbar-Pahtunkwa welaýatyna täsirini ýetirip başlanda, bu heläkçilik üçin ýardam sorap halkara jemgyýetçiligine ýüz tutulmajagyny aýdanda, bu welaýatyň ýerli hökümet ýolbaşçylarynyň gaharyny getiripdi.
Elbetde, siliň beýleki welaýatlar, şol sanda Penjab welaýatyna hem baryp ýetmegi hem-de ýagyşyň mundan beýlägem dowam etjekdigi barada çaklamalaryň öňe sürülmegi merkezi hökümeti ýardam meselesindäki bu pozisiýasyny üýtgetmäge mejbur etdi.
Federal döwlet sistemaly Pakistanda merkezi hökümete “Pakistan halk partiýasy” ýolbaşçylyk edýär. Bu koalision hökümete Haýbar-Pahtunkwa welaýatyny dolandyrýan “Halk mılli partiýasy”, Penjab welaýatynda köpçüligi emele getirýän “Pakistan musulmanlar bileleşigi” we Sind welaýat mejlisiniň aglaba bölegini emele getirýän “Mahajirler partiýasy” hem girýär.
Ýurtdaky koalision hökümete girýän we Haýbar-Pahtunkwa welaýat mejlisini öz elinde saklaýan “Halk milli partiýasy” bolsa silden ejir çeken ilata ýardam boýunça merkezi hökümetiň alyp barýan syýasaty bilen ylalaşman, “Biziň welaýatymyzyň territoriýasynyň 95% töweregini sil aldy, emma ýardamlaryň aglaba bölegi Penjab welaýatyna ugradylýar” diýýär.
Haýbar-Pahtunkwa welaýatynyň ýolbaşçylary, aýratynam bu welaýatyň ABŞ tarapyndan terrora garşy alnyp barylýan göreşiň merkezlerinden biridigine garamazdan, Waşingtonyň iberýän ýardamlarynyň bu welaýatyň ilatyna ýetmeýänliginden şikaýat edýärler.
Şunlukda, merkezi hökümetiň alyp barýan syýasaty bilen ylalaşman, Haýbar-Pahtunkwa welaýatynyň ýolbaşçylary welaýatyň silden ejir çekýän ilatyna ýardam ýygnamak üçin paýtagt Ýslamabatda ýörite halkara konferensiýa geçirjekdiklerini yglan etdiler.
“Halk milli partiýasynyň” ýolbaşçylaryndan biri merkezi hökümetiň käbir wekilleriniň bu çärä garşy çykmagyna garamazdan, 20-nji awgustda geçirilmegi planlaşdyrylýan bu ýygnagyň amala aşyryljakdygyny aýtdy.
Welaýata garşy welaýat
Soňky döwürlerde ýurtda welaýat bilen merkezi hökümetiň ýolbaşçylarynyň arasynda dowam edýän bu dartgynlygyň artmagyna hasam iterge berip biljek başga bir plan hakda hem gürrüň edilip başlandy.
Pakistaniň Penjab welaýatynyň premýer-ministri Şahbaz Şerip mundan beýläk bolaýmagy mümkin şeýle sil heläkçiliginden öz welaýatyny goramak üçin jedelli suw bendi diýlip hasaplanýan “Kala-Bagyň” gurulmagynyň zerurdygyny aýdyp, bu ugurda kampaniýa başlatdy.
Bu kampaniýanyň başladylmagyndan birnäçe gün soňra Pakistanyň federal hökümetiniň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani hem bu proýektiň amala aşyrylmagynyň tarapdarydygyny aýdyp, çykyş etdi.
Pakistanyň Haýbar-Pahtunkwa welaýatyny dolandyrýan “Halk milli partiýasy” bolsa bu bendiň gurlan halatynda öz welaýatynyň uly bir böleginiň suw astynda galjakdygyny aýdyp, muňa garşy çykýar. Şol bir wagtyň özünde ekerançylyk meýdanlary üçin Sind derýasynyň suwuna mätäç bolan Sind welaýaty hem bu bendiň gurulmagyna razy däl.
Bu bendiň gurulmagyna rugsat berlen halatynda üç welaýatyň arasynda döremegi mümkin dartgynlylyk zerarly, Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zerdari ýakynda eden çykyşynda agzalýan proýektiň ýatyrylanlygyny aýtdy.
Mundan ozal serhet diýlip atlandyrylýan we puştunlaryň köpçülikde ýaşaýan welaýatynyň adynyň Haýbar-Pahtunkwa diýlip üýtgedilmegine hem garşy çykan we Penjab welaýatyny dolandyrýan “Pakistan musulmanlar bileleşigi partiýasy” bendiň gurulmagy baradaky talaplaryny dowam etdirjekdigini aýdýar.
Sil zerarly saglyk boýunça dürli problemalaryň ýüze çykyp başlan häzirki pursatynda berilýän ýardamyň üstünde ylalaşmazlyklaryň geljekde hasam artmagyna garaşylýar.
Şeýle-de Haýbar-Pahtunkwa welaýatynyň ýolbaşçylary merkezi federal hökümetiň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan hiç biriniň bu welaýatda emele gelen silden ejir çeken regionlara sapar etmänligini aýdyp, Ýslamabady tankyt edýärler.
Şol bir wagtyň özünde Pakistanda emele gelen bu betbagtçylyk ýurtda agzybirligi ornaşdyrmak boýunça hem uly synaga öwrülýär. Eger şeýle tragediýa bu ýurtda halk arasynda bütewüligi ornaşdyryp bilmese, onda Pakistanda agzybirligi näme ornaşdyryp biler?
Dawut Hattak Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugy –Maşal Radiosynyň žurnalisti. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.