Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bütin dünýäniň «gamyny iýýär»


Soňky hökümet maslahatynyň barşynda tutuş dünýä jemgyýetçiligine gönükdirilen dabaraly-dabaraly sözler ýaňlandy. Ýöne ol sözler ýurduň öz içindäki real ýagdaýlara-da az gabat gelýän sözlerdi.

Hususan-da, daşary işler ministri R.Meredow «dünýäde zorluklardan azat, ygtybarly sistemany döretmek ugrunda tutuş adamzat jemgyýetiniň edýän tagallalaryna Türkmenistanyň hem saldamly goşant goşýandygyny» aýtdy.

Eger ýurdun daşarky syýasatyny alyp görsek, soňky wagtlar Türkmenistan hakykatdanam halkara jemgyýetçiliginiň bähbitlerini öňe sürýän birnäçe halkara forumlarynyň inisiatory we guramaçysy boldy. Şular ýaly çäreleriň hatarynda, mysal üçin, şu ýylyň iýunynda ýaragsyzlanmak meselesi boýunça Merkezi Aziýa we Hazarýaka regionynyň ýurtlarynyň Aşgabatda geçirilen halkara konferensiýasyny görkezmek bolar.

Emma, beýleki tarapdan, ýurduň içerki jemgyýetçilik durmuşyny alyp görsek, onda biz hakyky sosial durmuşyň ýerine ähliumumy boýun egişlik atmosferasyny göreris.

Saparmyrat Niýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda binýady tutulan häzirki režimi jemgyýet bilen häkimiýetiň arasynda nähilidir bir ylalaşygy ýola goýujy režim diýip atlandyrmak örän kyn. Gaýta, tersine, döwletiň esasy iş dolandyryş prinsipi her dürli berkden-berk gadagançylyklara, çäklendirmelere, buýruk bermelere we basyşlara esaslanýar.

Diýdimzorluk we güýç

Hökümet maslahaty barada ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýaýradan maglumatlarynda Türkmenistanyň prezidentiniň «jedelli meseleleri güýç ulanmazlyk ýollary arkaly çözmek prinsipini yzygiderli öňe sürüp gelýändigi» aýdylýar. Ýöne, Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň öz içinde güýç ulanmak we buýruk bermek usullaryndan el çekmek prinsipini durmuşa ornaşdyrýan bolanlygynda, bu tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçinem, ýurduň öz raýatlary üçinem bähbitli iş bolardy.

Emma, iş ýüzünde welin, jemgyýetiň haýsy ugruny alsaňam, häkimiýet bilen jemgyýetiň arasyndaky dialogda diýdimzorluk häkimiýetleriň tas ýeke-täk guralyna öwrülýär diýen ýaly. Muňa aýdyň mysallaryň hatarynda aýratyn bir subutnama talap etmeýän we ýurduň tas ähli raýatlarynyň ykbalyna täsir edýän Türkmenistanyň daşarky dünýäden ýapyklyk prinsipini görkezmek bolar.

Bu gürrüňi edilýän çäklendirme prinsipi döwlet sistemasynyň ähli derejelerinde diýimzorluk usulyny ulanmak arkaly ýola goýlan. Ýurtdan çykmalymy ýa çykmaly däl, ýurda dolanmalymy ýa dolanmaly däl ýaly meseleleri ýurduň raýatlarynyň özleri däl-de, häkimiýetler çözýärler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri özleriniň ulanýan maglumat blokadasy arkaly ýurtdaky bar bolan köpsanly problemalar baradaky maglumatlary-da daşarky dünýäden gizlin saklaýarlar. Bu meselede-de häkimiýetleriň diýimzorluk usuly esasy roly oýnaýar.

Ähliumumy işsizlik


Ýurduň içindäki gizlin saklanýan şol problemalardan birem ähliumumy işsizlik problemasydyr. Türkmenistanyň goňşulary bolan Özbegistan we Täjigistan ýaly ýurtlarda häkimiýetler ýurduň raýatlaryny Gazagystan we Orsýet ýaly ýurtlara gazanç etmäge goýbermek arkaly bu problemany belli bir derejede çözmäge çalyşýarlar. On müňlerçe we hatda ýüz müňlerçe özbeklerdir täjikler şeýle ýol bilen gazanç edýärler.

Käbir iň bir ýüzleý maglumatlara görä, häzirki wagt Türkmenistanda azyndan ýarym million töweregi işsiz ilat bar. Mümkinçilik bolan halatynda, bu raýatlardan köpüsi daşary ýurtlara gazanç etmäge giderdiler. Emma resmi Aşgabat bu meseläni-de diýdimzorluk usuly bilen çözýär.

Häkimiýetler raýatlary iş bilen üpjün edip bilenokler. Olar raýatlara işsizlik üçin hiç hili posobiýa-da tölänoklar. Emma, muňa garamazdan, häkimiýetler meseläni çözmegiň iň gowy usuly hökmünde raýatlary ýurduň içinde gabawda saklamaklygy amatly görýärler.

Eýsem, bu usulda diýdimzorlukdan başga nähili logika bar? Şeýle mysallary näçe getirseň, getirip oturmaly.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary tutuş dünýäni zorlukly çärelerden el çekmeklige çagyrýarlar, emma özleri welin şol zorlukly çäreleri öz jemgyýetlerine we halkyna garşy ulanýarlar. Belki, häkimiýetdäkiler bu edilýän zatlary hiç kim görmeýändir öýdýändirler? A belki-de, olar asla başgaça hereket edip bilýän däldirler?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG