Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Owganystana 1 müň tonna un iberer


Türkmenistan Oraza aýy mynasybetli Оwganystana ynsanperwerlik kömek hökmunde 1 müň tonna un iberýär.

Bu barada Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen 23-nji awgustada telefon arkaly geçirlen gürrüňdeşliginde aýtdy.

Bu gürrüňdeşlikde iki ýurduň lideri Nýu-Ýorkda geçirilmeli BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynda duşuşyp, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gazjeçirijisiniň proýekti barada we käbir beýleki meseleler dogrusynda gepleşikler geçirmek barada-da ylalaşdylar.
XS
SM
MD
LG