Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň söwdasy Ermenistana alada bolarmy?


Ermenistanyň Goranmak ministri Seýran Ohanýan
Ermenistanyň Goranmak ministri Seýran Ohanýan

Ýakynda käbir habar agentlikleri Orsýetiň Azerbaýjana S-300 kysymly raketa komplekslerini satmaklygy planlaşdyrýandygy barada maglumat ýaýratdylar. Bu maglumata Ermenistan tarapy kän bir alada bildirmeýändigini aýdýar.


Ermenistanyň Goranmak ministri Seýran Ohanýan Orsýetiň Azerbaýjana satmagy mümkin howa hüjümine garşy raketalarynyň ähmiýetini peseltmäge synanyşyp: “Bu iş çözülmän ýatan Daglyk-Garabag konfliktinde Bakuwa strategik artykmaçlyk getirmez” diýýär.

Ilatynyň aglaba köplügi ermenilerden durýan Daglyk-Garabagyň 1990-njy ýyllaryň başlarynda Azerbaýjandan birtaraplaýyn ýagdaýda aýrylmagy netijesinde turan uruşda 30 müň çemesi adam öldi. Halkara araçylarynyň ençeme ýyllyk tagallasyna garamazdan, bu dawa häzirem çözülmän gelýär.

Ermenistanyň Goranmak ministri Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda: “Ermeni-Azerbaýjan urşy täzeden turan ýagdaýynda, öten hepde Moskwa bilen Ýerewanyň arasynda gol çekilen ylalaşyk esasynda rus ýaragly güýçleri Ermenistany açyk goldap bilýär” diýdi.

“Daglyk-Garabaga abanan howp Ermenistan respublikasyna abanan howp bolýar. Onsoň, Orsýet Federasiýasynyň şertnamalaýyn öz üstüne alan ýaranlyk borçlaryny ýerine ýetirjekdigine men şübhelenmeýärin” diýip, Ohanýan aýdýar.

Gelnen ylalaşyk boýunça Orsýet 2044-nji ýyla çenli Ermenistandaky harby bazadan peýdalanar, ýurduň howpsuzlygyny goramakda hem öňküsinden köpräk rol oýnar. Moskwa şeýle hem Ermenistanyň goşunyny döwrebap ýaraglar bilen üpjün etmegi öz üstüne aldy.

Orsýetiň kömegi barada dymylýar

Orsýetiň Ermenistana nähili ýarag kömegini bermekçidigi bilen bagly soraga Ermenistanyň Goranmak ministri Seýran Ohanýan: “Bu harby syr” diýip, bu barada maglumat bermekden boýun gaçyrdy.

Ermenistanda hökümetiň tarapyny çalýan syýasatçylaryň we käbir analitikleriň garaýşyça, Moskwa bilen gelnen ylalaşyk Azerbaýjany Garabag konfliktini güýç bilen çözmäge synanyşmakdan saklar.

Oppozision toparlar “Azerbaýjana beriljek howa hüjümine garşy raketalar Ermenistanyň bu ýurduň strategik taýdan möhüm obýektlerine zarba urmak başarnygyny çäklendirer” diýen pikirde. Ohanýan bu pikiri ret edip, Azerbaýjanyň S-300 raketalaryny edinmeginiň iki ýurduň arasyndaky güýç gatnaşyklaryna täsir etmejekdigini aýdýar.

Ohanian öz sözüni şeýle delillendirýär: “Men ýene bir zady nygtaýaryn. Azerbaýjan bu sistemalary alaýanda-da, bulara integrirlenen radiotehniki sistemany döretmegi üçin oňa gaty köp wagt gerek bolar. Şol sebäpden men S-300 sistemalaryny satyn almagy Azerbaýjana Ermenistan respublikasynyň üstünden strategik artykmaçlyk getirer öýdemok”.

Ol: “Ermenistanyň duşmany bilen edilen raketa söwdasy ors-ermeni harby ýaranlygyna zyýan ýetirmez. Sebäbi bu iki ýurt bir harby-syýasy sistemanyň bölegi” diýýär.

Ermenistanyň Goranmak ministri Seýran Ohanýan şeýle hem ermeni ýolbaşçylarynyň konfliktli zona bolan Garabagda güýç deňagramlylygyny saklamak üçin ýeterlik çäreleri görýändiklerini nygtaýar.
XS
SM
MD
LG