Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň lideri Hytaýa tarap


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Joň-il. 20-nji may, 2010.
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Joň-il. 20-nji may, 2010.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Joň-il ýurduň ýeke-täk ýarany Hytaýa gidendir diýlip çak edilýär. Onuň näme üçin ol ýere gidendigi barada bilinýän zat ýok.


Anyk bilinýän ýeke-täk zat prezident Kimiň meşhur sowutly otlusynyň Hytaýa tarap barýanlygynyň görlendigi. Bu ýagdaý Günorta Koreýada Kim Joň-iliň ol ýere näme maksat bilen sapar edýänligi barada dürli çaklamalara sebäp boldy. Kim Pekine öten maý aýynda-da barypdy.

Onuň ýola düşendigini Günorta Koreýanyň telewideniýesi habar berdi. Ol habarda: “Demirgazyk Koreýanyň Milli harby komissiýasynyň başlygynyň şu gün irden Hytaýa sapara ugranlygy tassyklandy. Onuň ýanynda ogly Kim Joň-nu hem bar” diýilýär.

Umuman, saglygy o diýen öwerlik bolmadyk 68 ýaşly lider öz ogluny Hytaý ýolbaşçylary bilen tanyş etmegä gidendir diýlip güman edilýär.

Geljek aý, ençeme ýyldan soň, Demirgazyk Koreýanyň işçiler partiýasynyň ýokary organlarynyň maslahaty geçiriler. «Royter» habar agentliginiň bellemegine görä, täze partiýa ýolbaşçylary saýlanjak bu maslahatda Kim Joň-una hem partiýada resmi ornuň berilmegi mümkin.

Hytaý öz gatnaşyklaryny saklamakçy

Şu nukdaýnazardan Kim Joň-iliň öz oruntutaryny Hytaý ýolbaşçylary bilen tanyş etmäge gitmegi bolmajak zat däl. Hytaý Demirgazyk Koreýanyň dünýäde ýeke-täk ýarany. Kim Joň-iliň ogly häkimiýet başyna gelende-de Pekin Demirgazyk Koreýa bilen şol ozalkysy ýaly ýakyn ýaranlygy saklamak isleýändir diýlip cak edilýär.

Ykdysadyýetini liberallaşdyran hem bolsa, Hytaý Günorta Koreýadan başlanýan Günbatar bilen gatnaşyklarynda Demirgazyk Koreýa özboluşly bir ideologik bufer hökmünde garaýar.

Saglygy birki ýyl bäri hezil bermänsoň, Kim Joň-iliň ýurdy dolandyrmak başarnygy sorag astynda dur. Onuň oruntutar meselesini aýdyňlaşdyryp, näbellilikleri aradan aýyrmagy ýurt içinde onuň öz bähbidine bolar.

Kim Joň-un barada bilinýän zatlar gaty az. Onuň doglan senesi barada hem anyk bilinýän zat ýok. Şweýsariýada bilim alan Kim Joň-unuň ýaşy 25 töweregi diýlip çaklanylýar. Onuň ýurdy atasynyňky ýaly dolandyrmaga meýillidigi aýdylsa-da, syýasy garaýyşlary barada bilinýän hiç bir zat ýok. Atasynyň ileri tutýan ogludygyny göz öňünde tutsaň, onuň hem Kim Joň-iliňki ýaly ýurduň üzňelik liniýasyny dowam etdirip, garyp ýurdy çökeren merkezleşdirilen ykdysady sistemany ýöretmegi mümkin diýlen garaýyşlar hem bar.

Birleşen Ştatlaryň öňki prezidenti Jimmi Karter şu wagt Demirgazyk Koreýada. Ol şol ýerde türmede oturan bir amerikaly parahatçylyk aktiwistiniň boşadylmagyny gazanmagy maksat edinýär.

Kim Jong-iliň şu wagt paýtagtda däldigi Karteriň işine täsir edermi ýa-da ýok - bu belli däl.
XS
SM
MD
LG