Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan uly synag bilen ýüzbe-ýüz


Şu günler Pakistan öz taryhynda iň bir uly sil heläkçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Pakistanyň demirgazygynda başlan bu siliň häzirki wagt ýurduň günortasyna, ýagny, Sind welaýatyna-da howp abandyryp başlanlygy habar berilýär. Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu mesele bilen gyzyklanyp, BMG-niň ynsanperwerlik ýardamlary guramalaşdyrýan edarasynyň Pakistandaky bölüminiň metbugat wekili Stansi Winston bilen söhbetdeş boldy.


Azatlyk Radiosy: Hanym Winston, häzirki wagt siliň Pakistanyň günortasyndaky Sind welaýatyna-da ýetenligi aýdylýar. Bu krizisiň göwrümi barada siz näme aýdyp bilersiňiz?

Stansi Winston: Ýagyn dowam edýär, şunlukda, ýurtda sil heläkçiligi hem dowam edýär. Ýagyş we sil köşeşmese, bu krizis hem dowam eder. Şeýlelikde, biz mümkin boldugyndan ilata ynsanperwerlik ýardamlary ýetiştirmäge synanyşýarys.

Hepdäniň soňunda ýurduň günortasyna ýene ýagyş ýagdy. Bu hem silden ejir çekýän we bu heläkçiligiň ýaramaz täsirini başdan geçirýän regionlaryň sanyny artdyrdy.

Azatlyk Radiosy: Sind welaýaty ýaşaýjylarynyň sany boýunça Pakistanyň iň uly welaýatlaryndan biri. Siliň bu welaýata abandyrýan howpy barada bize dolurak maglumat berip bilermisiňiz?

Stansi Winston: Biziň elimizdäki maglumatlara görä, bu sil heläkçiligi Sind welaýatynyň 3 million 685 müň ýaşaýjysyna we welaýatda ýerleşýän ýarym million töweregi öýe hem zyýan ýetiripdip.

Sil zerarly bu welaýatda ölenleriň sany 71 adam bolup, bu wakada ýaralananlaryň sanynyň hem 408 adama barabardygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy: Ölenler we ýaralylar barada gürrüň edilende, tutuş ýurtda ýagdaý nähili, bu barada sizde jikme-jik maglumat barmy?

Stansi Winston: Hökümet şol sil heläkçiliginde ölenleriň sanynyň 1 müň 600 adama barabardygyny habar berýär. Resmi maglumata görä, bu wakadan zyýan çeken adamlaryň sany 17.2 million töweregidir.

Azatlyk Radiosy: Pakistanyň Karaçi şäherine howp abanýarmy?

Stansi Winston: Bize gowşan maglumatlara görä, häzirki döwürde Karaçi howp astynda däl. Emma, bu siliň Karaçä zyýan ýetirmänligini aňlatmaýar. Ýöne bu şäheriň howp astyndadygy barada maňa häzirlikçe maglumat gowuşmady.

Azatlyk Radiosy: Bu siliň ýurduň demirgazygyna juda ýaramaz täsirini ýetirenligini bilýäris. Şol ýagdaýlar göz öňüne alynanda, siliň abandyrýan howpunyň öňüni almak üçin Sind welaýatynda nähili çäreler görülýär?

Stansi Winston: Sil suwunyň öňüni almak boýunça ýörite çäreleriň görülenligi hakda maglumatym ýok. Elbetde, Sind welaýatynda sil suwunyň ýoluny arçamak boýunça käbir işleriň alnyp barylýanlygy hakda maglumatlar bar.

Sil suwy örän çalt akýar, şunlukda, bu ugurda öňden çäre görmek gaty kyn. Bu hem Pakistan ýaly ýurtlarda şeýle betbagtçylyga taýýarlyk boýunça belli bir mehanizmiň bolmagynyň zerurdygyny aňladýar.

Emma häzirki sil barada gürrüň edilende, onuň göwrümi juda uly, bu barada öňden çak etmek aňsat bolmasa gerek. Şunlukda, şeýle uly derejedäki heläkçiligiň öňüni almaga taýýarlykly bolmak gaty kyn.

Azatlyk Radiosy: Hanym Stansi, sil heläkçiliginden Sind welaýatynda iň köp zýyyan ýeten regionlar haysylar?

Stansi Winston: Sind welaýatynda Şada Kot hem-de Jakubabat diýlen etraplara aşa zyýan ýetenligi aýdylýar. Tata bilen Haydarabat şäherleri bolsa häzir howp astynda duran regionlerdir.

Azatlyk Radiosy: Haýdarabada abanýan howp hakda näme aýdyp bolar? Sebäbi bu şäher Karaçiden soň Sind welaýatynyň ikinji uly şäheri hasaplanýar.

Stansi Winston: Bu şähere-de howp abanýar. Haýdaraba-da sil suwunyň gelmegine garaşyp bolar. Bu şähere siliň howp abandyrýanlygy hakda bize düýn maglumat gelip gowuşdy.

Azatlyk Radiosy: Sil suwunyň ýurduň günortasyna akmagy bilen demirgazykda ýagdaý gowylaşdymy?

Stansi Winston: Ýagyn henizem dowam edýär. Soňky döwürlerde Sind barada köpräk gürrüň edilmeginiň sebäbi sil suwunyň şol regiona ýetmegi bilen baglydyr.

Ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Gilgit we Baldistan regionlarynda bolsa siliň ýaramaz täsirini ýetiren adamlaryň sany 8 müň 561 bolup, 3 müňe golaý öýe hem zeper ýetdi.

Agzalýan şol regionda 183 adam heläk bolup, 60 adamyň hem ýaralananlygy hakda maglumatymyz bar. Demirgazykda ýerleşýän beýleki regionda, ýagny, Kaşmirde bolsa 245 müň adamyň bu silden ejir çekenligi aýdylýar.

Kaşmirde ýerleşýän 6 müň 500 öý weýran bolup, 83 adam ýaralandy we şol regionde 69 adamyň hem heläk bolanlygy habar berildi.

Pakistanyň Haybar Pahtunhowa welaýatyna girýän regionlaryň ýaşaýjylaryndan 4 million 365 müň adama bu sil ýaramaz täsirini ýetirip, 180 müň öýe hem şol wakada zeper ýetipdir.

Agzalýan welaýatda bu sil zerärli ýaralanan adamlaryň sany 1 müňden gowrak bolup, 1 müň 68 adamyň şol sil betbagtçylygynda heläk bolanlygy habar berildi.

Azatlyk Radiosy: Hanym Stansi, siziň agzap geçen bu regionlaryňyz henizem suw astyndamy?

Stansi Winston: Olaryň tutuşlygyna suw astyndadygy hakda maglumat ýok. Emma, beýleki tarapdan, suwuň azalmagy bilen şol regionlarda sil bilen bagly peýda bolmagy mümkin dürli keselçilikler hakda alada edilip başlandy.

Biz ýüze çykaýmagy mümkin şeýle keselçilikleriň öňüni almak üçin BMG-niň Bütindünýä Saglyk Guramasy, Pakistanyň Saglyk ministrligi bilen bir hatarda, hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen-de bilelikde iş alyp barýarys.

Şunlukda, keselhanalar gurulýar we adatdan daşary ýagdaýda halkyň dadyna ýetişer ýaly merkezler açylýar. Şeýle çäreler arkaly biz peýda bolmagy mümkin keselçilikleriň öňüni almagy başarjakdygymyzy umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Sil suwy bilen bagly peýda bolmagy mümkin keseller hakdaky maglumatlar bize-de gelip gowuşdy. Şu sil heläkçiligi bilen baglydyr diýip bolaýjak nähilidir bir howply kesel bilen kesellän adama siz duş geldiňizmi?

Stansi Winston: Elbetde, mergi keseliniň Pakistanda öňden hem bardygyny bilýäris. Yöne şoňky günlerde mergi keseliniň haysydyr bir görnüşiniň ýüze çykanlygy hakda resmi taýdan tassyklanan maglumat bizde ýok.

Azatlyk Radiosy: Bu sil heläkçiligi bilen bagly BMG 460 million dollar serişde sorap halkara jemgyýetçiligine ýüzlendi. Talap edilýän bu pul üpjün edildimi, siz nähili pikir edýärsiňiz?

Stansi Winston: Biz bu puly şu wagt ýygnamaga synanyşýarys. Donor ýurtlara gaty minnetdar, sebäbi bu ugurda berilýän ýardamlaryň möçberi barha artyp barýar, bu puluň eýýäm azyndan 70 %-i jemlendi.

Biz donorlara ýüzlenip, bu ugurda bize ýardam bermeklerini dowam etdirmegini haýýyş edýäris, sebäbi Pakistanda silden ejir çekýän ilata ýardam etmek üçin bize halkara jemgyýetçiliginiň kömegi gerek.

Azatlyk Radiosy: BMG tarapyndan talap edilýän pul, siziň pikiriňzçe bu betbagtçylyk sebäpli dörän problemalary çözmek üçin ýeterlik bolup bilermi?

Stansi Winston: 460 million dollar BMG-niň ynsanperwerlik ýardamlary guramalaşdyrýan edarasy tarapyndan ýurduň deslapky zeruryýetini üpjün etmek üçin talap edilen serişdedir.

Siliň ýurda ýetiren täsiri doly anyklanan soň, bu möçber belkem artdyrylar. Emma häzirki wagt bu barada anyk bir zat aýtmak kyn. Sebäbi ýurtda krizis henizem dowam edýär.

Azatlyk Radiosy: Hanym Stansi, häzirki döwürde siziň nähili serişdelere zeruriyýetiňiz bar?

Stansi Winston: Häzirki wagt ýurtda çadyrlara, agyz suwuna, saglyk boýunça dürli däri-dermanlara we azyk önümlerine zerurlyklar bar.

Azatlyk Radiosy: Bu sil betbagtçylygy tamamlanandan soň, ýurtda ýüze çykmagy mümkin esasy meseleler näme?

Stansi Winston: Häzirki wagt biziň uly aladamyz halky şu sil heläkçiliginden halas etmek. Mundan soň ädiljek ädimler, esasan, halky mal-gara bilen üpjin etmek ýa-da olara bu ugurda ýardam bermek bolar. Şeýle hem, oba hojalyk bilen meşgullanýan daýhanlara-da kömek etmäge synanyşarys.

Emma, öň hem aýdyşym ýaly, biz häzirki döwürde dowam edýän krizis bilen başagaý we halky gaýragoýulmasyz serişdeler bilen üpjin etmäge synanyşýarys.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG