Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maglumat blokadasy aýrylmasa...


Dokument dolanyşygynyň elektron sistemasyny döretmek boýunça türkmen häkimiýetleriniň uzaklary nazarlaýan planlary häzirki dolandyryş sistemasyndaki aradan aýryp bolmajak kynçylyklar, çynlakaý päsgelçilikler bilen garpyşyp biler. Ol ozaly bilen döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan maglumat blokadasy bilen bagly.

Resmi propaganda ägirt uly özgerişler hem reformalar geçirilýändigini irmän-arman tassyklaýar. Gurluşykda, oba hojalygynda gazanylan üstünlikler, daşary ýurtlara gaz satmakda amala aşyrylan ägirt uly işler barasynda gürrüň berýär.

Emma maglumat ulgamynda hiç hili gowşama, ýumşama ýok. Ýurtda näçe adamyň ýaşaýandygy baradaky maglumatdan başlap, iň bärkisi – ýollarda bolýan awtomobil çaknyşyklary, heläkçilikler, tebigy hadysalar barada we ýene-de müňlerçe ugurlar boýunça maglumatlar – bularyň ählisi düýpden ýapyk, olar eldegrilmesiz, aýan edilmesiz döwlet syrlaryna degişli.

Prezidentiň geçiren maslahatynda Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri O.Jumagulyýew maglumatlaryň elektron baza sistemasynyň gurnalyşyny monitorda görkezdi. Şol maglumatlara kim gözegçilik eder? Bu sorag açyklygyna galýar.

Eger hemme zat öňküligini saklasa, maglumatlar ýapyk režimde galsa, döredilen maglumatlar bazasy rugsat bermegiň berk sistemasy tarapyndan işlediler. Hakykatda häzirki maglumat ýapyklygy elektron üpjünçiligi derejesinde öňküdenem berk, gazaply düzgünde saklanar.

Bu sistemanyň netijeliligi G.Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerine görä bolar. Prezident öňdebaryjy tehnlogiýalary aktiw ornaşdyrmaga, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny täze sepgitlere ýetirmäge çagyrýar.

Kim utuş gazanar?

Häzirki dowam edýän maglumat ýapyklygyny gowşatman, elektron tehnologiýalar ornaşdyrylsa, munda ähli maglumatlaryň ýurduň öz graždanlaryndan, tutuş dünýäden gizlin saklanylmagyna gözegçilik edýän häkimiýet organlary utuş gazanar.

Türkmenistanda eýýäm elektron senzuranyň alamatlary bar. Göräýmäge, häkimiýetler deňi-taýy bolmadyk karar kabul edip, jemgyýete internetden peýdalanmaga rugsat berdiler. Ýöne interenete hem ondan peýdalanyjylara gözegçilik ýokary derejede, indi elektron derejede amala aşyrylýar. Şol gözegçiligiň formasy häzire çenli döwlet tarapyndan gadagan edilen saýtlaryň ýapylmagyndan, olaryň böwetlenmeginden aňry geçmeýärdi.

Täze tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy bilen senzorlar goşuny, köp sanly gözegçiler öz alyp barýan işleri üçin täze, güýçli gural, güýçli ýaraga eýe boldular. Eger olaryň edýän işleri çäklendirilmese, eger döwlet we jemgyýet mundan beýlägem dürli hili çäklendirmeleriň, gadaganlyklaryň ýesiri bolup galsa, onda elektronikany ulanmagyň netijeliligi iň pes derejä düşer.

Şeýle ýagdaý G.Berdimuhamedowyň “Halkyň ýaşaýyş derejesi plan boýunça ýokary galdyrylar” diýen ýaly sözlerine juda az degişli bolup galsa gerek. Ondanam beteri bu elektronika durky bilen halka zyýanly bolup çykar, özi-de bu zyýanly işi sistema indiden eýläk ýokary tehnologik derejede ýerine ýetirer.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG