Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abbas Ysraýylyň jaý gurluşygynyň togtadylmagyna aýak direýär


Palestinanyň prezidenti Mahmut Abbas eger Ysraýyl Iordan derýasynyň günbatar kenarynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga dowam etse, onda ýaraşyk boýunça täze gepleşiklerden çykmak baradaky haýbat atmasyny togtatmajakdygyny duýdurdy. Şol gepleşikler Amerikanyň birnäçe aýlap eden tagallasy netijesinde şu hepde Waşingtonda başlanar.

Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu bu gepleşiklerde ösüş bolmagy üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň bir böleginiň wagtlaýyn togtadylandygyny yglan edipdi. Ýöne gepleşikler şol möhletiň tamamlanmagyna 3 hepde galanda başlanar.

Netanýahu bu möhleti uzaltmagy söz bermedi. Ol koalision hökümetinde berk liniýa eýerýän parnýorlarynyň garşylygy bilen ýüzbe-ýüz bolup dur.

Şol ýaşaýyş jaylarynyň gurluşygy babatda ysraýyllylar bölünýärler. Düýn ysraýylly belli teatr aktýorlary we ýazyjylar Iordan derýasynyň günbatar kenarynda çykyş etmezlige söz berdiler.
XS
SM
MD
LG