Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda bilim we studentler güni bellenýär


Şu gün Türkmenistanda bilim we studentler güni bellenýär. Bu baýramçylyk mynasybetli prezident G.Berdimuhamedowyň mekdep okuwçylaryna, studentlere, mugallymlara we bilim işgärlerine gutlagy resmi metbugatda çap edildi.

Gutlagda prezident G.Berdimuhamedow bilimiň esasy baýlykdygyny we ýurtda bilimi ösdürmek ugrunda hökümetiň ähli tagallany edýändigini aýtdy. Şeýle-de prezident döwletiň edýän aladasyna jogap hökmünde studentleriň we mekdep okuwçylarynyň gowy okamagyň, ak ýürekli zähmet çekmegiň we belent ruhly döredijiligiň nusgasy bolmalydygyny öz gutlagynda belledi.

Emma prezident bilim pudagynyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini agzamady. Her ýyl Türkmenistanyň mekdeplerini 100 müňden gowrak okuwçy tamamlaýar. Ýöne şu ýyl ýurduň ýokary okuw jaýlary 5,445 sany täze studentleri kabul etdi.
XS
SM
MD
LG