Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenistanda zähmetkeşleriň hukugy goragsyz"


Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi
Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi

Türkmenistan dünýäde iň repressiw döwletleriň biri bolup galýar. Bu barada dünýä ýurtlarynyň azatlyk derejesine syn edýän Freedom House guramasynyň zähmet hukuklarynyň berjaý edilişi boýunça 31-nji awgustda ýaýradan hasabatynda aýdylýar.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Freedom House guramasynyň dünýä ýurtlarynda 2009-njy ýylda zähmetkeşleriň we kärdeşler arkalaşyklarynyň hukuklarynyň berjaý edilişi boýunça ýaýrdan hasabatynda Türkmenistan, Özbegistan we Belarus zähmetkeşleriň haklaryny bozýan iň repressiw döwletler diýlip atlandyrylýar.

Hasabatda 165 ýurduň ýagdaýyna syn edilip, olar bäş kategoriýa bölünýär. Ýurtlar: azat, aglaba azat, belli bir derejede azat, repressiw we örän repressiw diýen toparlarlara bölünýär. Dünýäniň Günbatar Ýewropadan başga ähli künjeklerinde halkara derejesinde ykrar edilen zähmet kadalarynyň yzygiderli depelenýänligine üns çekilýär.

Freedom House guramasynyň hasabatynda Türkmenistan örän repressiw döwletlerleriň toparyna girýär. Bu topara 14 ýurt girizilip, olaryň arasynda öňki sowet respublikalaryndan Özbegistan we Belarus, Aziýa regionyndan Birma we Demirgazyk Koreýa, Afrika döwletlerinden Ekwatorial Gwineýa, Eritreýa, Sudan we Amerikadan Kuba agzalýar.

Zähmetkeşleriň hak-hukugy

Türkmenistanda raýatlaryň zähmet hakyny almak hukuklarynyň bozulyşyna degişli dürli wakalar ýüze çykýar, şol sanda raýatlaryň aýlyk haklarynyň tölenmeýän halatlary hem az däl. Mysal üçin, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň ýaşaýjysy Ýewgeniý Turýak adamlaryň suda ýüz tutmaga mejbur bolýandyklaryny gürrüň berdi.

Ýewgeniý Turýak Abadan şäherinde mekdep we çagalar bagyny guran Türkiýäniň “Içkale inşaat limited” kärhanasynda bir ýyl sekiz aý elektrik bolup işlese-de, alty aýlyk hakyny tölemändiklerini aýdýar. Ýewgeniý Turýak Türkmenistanyň prokuraturasyna salgylanyp, jemi bir ýarym müň adamyň aýlyksyz galanlygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Freedom House guramasynyň hasabatynda bellenişine görä, işgärleriň we kärdeşler arkalaşyklarynyň hak-hukuklary dünýäniň ähli künjeklerinde basyş astynda, emma awtoritar režimler gözegçiligiň has gödek usullaryny ulanyp gelýärler. Şu günki gün dünýäniň umumy ilatynyň üçden bir bölegi adamyň zähmet haky almak hukugyny gödek depeleýän jemgyýetlerde ýaşaýar.

Hasabatda aýdylyşyna görä, ýurtlaryň aglaba azat toparyna girýän ABŞ-da işçileriň we kärdeşler arkalaşyklarynyň hukuklary zähmetkeşleriň hak-hukuklarynyň goragy kanunlarda kepillendirilse-de, syýasy güýçler kärdeşler arkalaşyklary we kollektiwleýin bileleşikler bilen gepleşiklere, şeýle-de işçileriň protestlerine islegsizlik bildirýärler.

Repressiw döwletlerde kärdeşler arkadaşlyklary yzarlanýar, olaryň liderleri işden kowulýar we tussag edilýär. Saud Arabystanda kärdeşler arkalaşyklary gadagan edilýär.

Zähmetkeşler bileleşikleriniň wezipeleri

Türkmenistan barada aýdylanda, häzirki wagtda bu ýurtda kärdeşler arkalaşyklary hereket edýän hem bolsa, zähmetkeşleriň aladasynyň edilmeýänligini türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk Radiosyna aýtdy. Onuň sözlerine görä, kärdeşler arkalaşygy zähmetkeşleriň bähbidini däl-de, döwletiň bähbidini goramak wezipesini ýerine ýetirýär.

“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, Turkmenistanda zähmetkeşleriň hukuklaryny goramak boýunça bileleşikler döredilen ýagdaýynda, zähmetkeşler özleriniň berjaý edilmeli hukuklarynyň arasynda, mysal üçin, pagta ýygymyna mejbury gatnaşdyrylmazlyk hukugyny talap edip bilerdi.

Tuhbatulliniň sözlerine görä, ýurtda professional bileleşikleri döretmek boýunça hereketlere häkimiýetler päsgelçilik döredýär. “Birnäçe ýyl mundaň öň Daşoguz welaýatynda bileleşik döretmekçi bolan mugallymlar topary basyşa sezewar edilipdi” diýip, “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin ýatlaýar.

Freedom House guramasynyň hasabaty Gündogar Ýewropa ýurtlarynda kommunistik režimiň dargamagyna goşant goşan Polşanyň “Raýdaşlyk” kärdeşler arkalaşygynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna gabatlap taýýarlandy.

“Raýdaşlygyň” taryhy jemgyýetleriň azatlyk ugrundaky göreşinde kärdeşler arkalaşyklarynyň uly rol oýnanlygyny we oýnaýanlygyny ýatladýar diýip, hasabatyň awtory Arç Paddington maglumatda belleýär. Onuň sözlerine görä, hasabat üçin geçirilen derňewleriň netijeleri zähmetkeşler bileleşikleriniň durnukly demokratik döwletleriň wajyp bölegidigini görkezýär.
XS
SM
MD
LG