Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gazprom” Azerbaýjandan aljak gazyny artdyrar


Anna güni Bakuwda Orsýetiň we Azerbaýjanyň prezidentleriniň arasynda gepleşik boldy.

Gelnen ylalaşyga görä, Moskwa we Baku Döwlet serheti baradaky şertnama, şeýle hem serhatara Samur derýasyny goramak we ondan bilelikde peýdalanmak ylalyşygyna geldiler.

Dokumente şu gün Bakuwda iki döwletiň prezidentleri Dmitriý Medwedew we Ylham Alyýew gol çekdiler.

Medwedewiň saparynyň barşynda Azerbaýjanyň Orsýete berýän gazynyň möçberini artdyrmak ylalaşygyna hem gelindi.

“Biz azerbaýjan kärdeşlerimiz bilen ägirt uly şertnama eýe bolduk. Bizde, ýagny gazy satyn alyjy ýurtda Azerbaýjan gazyny satyn almakda hiç bir çäklendirme ýok” diýip, Orsýetiň “Gazprom” konserniniň ýolbaşçysy Alekseý Mýuller aýdýar.

Ylalaşyga görä, şu ýylda Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy “Gazproma” iberjek gazyny 1 milliard kub metre çenli artdyrar. Soňra bolsa ol görkleziji iki esse artar.

Medwedew bilen Alyýew Garabag meselesini parahatçylykly çözmek we beýleki halkara meseleleri barada hem maslahatlaşdylar.
XS
SM
MD
LG