Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Zelandiýada güýçli ýer yranmasy boldy


Şu gün irden Täze Zelandiýanyň häkimiýetleri ýurduň Kristçorç şäherinde ýüz beren güýçli ýer yranmanyň yzy bilen ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan etdiler.

Öz ululygy boýunça Täze Zelandiýada ikinji şäher hasaplanylýan Kristçorç şäherinde ýüz beren bu ýer yranmanyň güýji Rihter ölçeginde 7.1 ball boldy.

Ýer yranmanyň netijesinde köp ýaşaýyş jaýlaryna, transport ýollaryna, köprülere we elektrik liniýalaryna zyýan ýetdi.

Ýöne bu ýykan-ýumrançylyklara garamazdan, häzirlikçe bu ýer yranmada adam ýitgileriniň bolandygy barada anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG