Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazada halkara sergisi we ylmy konferensiýa öz işine başlady


Şu gün Türkmenistanyň Awaza turizm şäherçesinde halkara sergisi we ylmy konferensiýa öz işine başlady.

Awazadaky «Nebitçi» we «Arzuw» myhmanhanalarynda gurnalýan bu sergi çäresine hem-de ylmy konferensiýa dünýäniň 20-den gowrak ýurduna degişli 53 sany kompaniýadan 100-den gowrak wekil gatnaşýar.

Bu kompaniýalaryň hatarynda Orsýet, Türkiýe, Germaniýa, Hytaý, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Saud Arabystany, Malaýziýa we Panama ýaly ýurtlaryň kompaniýalary-da bar.

«Awaza: döreýşiň, gurluşygyň we ösüşiň täze sepgitlerine tarap» ady bilen geçirilýän bu forumyň çäklerinde Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we iri kärhanalarynyň, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýörite tematiki «tegelek stol» prezentasiýalarynyň geçiriljekdigi-de habar berilýär.
XS
SM
MD
LG