Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet we Norwegiýa deňiz serhetlerini kesgitleýär


Orsýet we Norwegiýa Barensew deňzinde serhedi anyklamak boýunça şertnamanyň gutarnykly nusgasyny ylalaşdylar - diýip, Norwegiýanyň premýer-ministri Ýens Stoltenberg aýtdy.

Onuň sözlerine görä, dokumente gol çekişlik dabarasy 15-nji sentýabra bellenipdir. Şu ýylyň aprel aýynda Stoltenberg bilen Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň gepleşikleriniň netijeleri boýunça gürrüňi edilýän problema barada deslapky ylalaşyga gelnendigi habar berlipdi.

Barensew deňzinde ýalpaklary we ykdysady zolaklary kesgitlemek meselesi ors-norweg gatnaşyklarynda 40 ýyl töweregi wagt bäri çözülmän ýatan problemady.
XS
SM
MD
LG