Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Şu gün Demirgazyk Osetiýada matam güni


Wladikawkazyň merkezi bazarynda bolan partlamada pida bolanlar bilen bagly şu gün Demirgazyk Osetiýada matam güni.

Soňky maglumatlara görä, heläk bolanlaryň sany 19, ýaralananlar 130 gowrak adam. Olardan bäşisi agyr ýagdaýda, bäşiň biri çaga. Olar Moskwanyň iň güýçli keselhanalaryna ýerleşdiriler.

Demirgazyk Osetiýa gelen Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň başlygy Aleksandr Bortnikow bu partlama gatnaşykda güman edilýän üç adamyň saklanandygyny habar berdi.

Londonda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýan Amnesty International halkara guramasy Demirgazyk Osetiýada bolan partlamany üzül-kesil ýazgarly hem Orsýet häkimiýetlerini eglenmezden wakany derňemäge hem ony gurnaýjylary jogapkärçilige çekmäge çagyrdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bu terakty ýazgaryp çykyş etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG