Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew terrorçylaryň ýok ediljekdigini aýtdy


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew 9-njy sentýabrdaky terrorçylykly hüjümi amala aşyranlaryň ýok ediljekdigini aýtdy.

“Biz terrorçylyga garşy göreşi soňuna çenli dowam etdirmäge taýýar. Bizde başga çykalga ýok. Şeýle jenaýatçylyga baş goşan terrorçylar ýok ediler” diýip, Medwedew Orsýetiň Ýaroslawl şäherinde geçirilýän syýasy forumda eden çykyşynda belledi.

9-njy sentýabrda Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy Aleksandr Bortnikow Wladikawkazdaky hüjümi gurnanlykda şübhe edilýän 3 adamyň tussag edilendigini mälim etdi.

Azyndan 17 adamyň ölümine getiren hüjümiň jogapkärçiligini entek hiç kim öz üstüne almady. Bu wakada 100-den gowrak adamyň ýaralanadygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG