Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-Türkiýe gatnaşyklary boýunça maslahat geçirilýär


Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Bileleşigiň Türkiýe bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Brýusselde ýörite maslahat geçirýärler.

Bu maslahatyň öňýany žurnalistlere beren interwýusynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça bölüminiň başlygy Katerin Aşton Bileleşigiň Türkiýe bilen öz dialoglaryny has netijeli etmek ugrunda tagalla edýändigini aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi Ýakyn Gündogar ýurtlary, Eýran we Kosowo ýaly ýurtlar bilen bagly işlerde Türkiýäniň goldawlaryna daýanmaga ýykgyn edýär.
XS
SM
MD
LG