Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da 11-nji sentýabr hüjümleriniň ýyl dönümi bellenilýär


Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda amala aşyrylan terror hüjümleriniň ýyl dönümi bellenilip geçilýär.

Şu gün bu waka bilen baglanyşykly Nýu-Ýork şäherindäki ozalky Dünýä Söwda merkeziniň binalarynyň ýerleşen ýerinde gurnalan hatyra çäresine gatnaşyjylar ölenleriň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk yglan etdiler.

Terror hüjümlerinden biriniň amala aşyrylan ýeri bolan Pentagtonda geçirilen hatyra çäresinde bolsa, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ýörite doklad bilen çykyş etdi.

Ol özüniň bu çykyşynda: «Sentýabryň şol güni bize haýsydyr bir din däl-de, eýsem dinden hyýanatçylykly peýdalanýan nalajedeýin adamlaryň bir topary bolan Al-Kaýda hüjüm edipdi» diýdi.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda dört sany ýolagçy uçary alnyp gaçylyp, amala aşyrylan şol terror hüjümlerinde jemi 3 müňe golaý adam ölüpdi.

Bu ýyl bu wakanyň ýyl dönümi uçarlar bilen süsdürilip weýran edilen şol Dünýä Söwda merkeziniň binalarynyň ýerleşen ýerine golaý ýerde musulman medeni merkezini gurmak planlary bilen bagly ýüze çykan dawaly döwre gabat geldi.
XS
SM
MD
LG