Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugy Eýrandan nägile


BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugynyň başlygy şu gün Eýranyň ýadro inspektorlarynyň ikisini ýurda goýbermezlik baradaky kararyna nägilelik bildirdi. Ol Tähranyň HAEG-nyň işgärlerini ýurda girizmekden gaýta-gaýta ýüz öwürmegi olaryň işini bökdeýär diýdi.

Halkara atom energiýasy gullugynyň baş direktory Ýukiýa Amano HAEG-nyň 35 agzaly geňeşiniň ýygnagynyň başynda çykyp gürledi.

Eýran iýun aýynda HAEG-nyň inspektorlaryny öz ýadro programmasy barada galp maglumat bermekde aýyplady. Emma Amano şu gün ol inspektorlaryň professionallygyna we bitaraplygyna doly ynanýandygyny aýtdy.

Eýranyň HAEG-daky ilçisi Ali Aşgar Soltaniýe şu gün Wenada çykyp gürläp, «inspektorlaryň öz bitarap profeesional, tehniki işini etmegine garaşylýar, eger nätakyk maglumat berip, işi kynlaşdyrsalar, biz olaryň professional başarnygyny sorag astyna alarys» diýdi.
XS
SM
MD
LG