Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şu ýyl Belarusda prezidentlik saýlawlary geçiriler


19-njy dekabrda Belarusda prezidentlik saýlawlarynyň geçiriljekdigi habar berilýär. Bu barada belarus parlamentiniň aşakky palatasynda geçirilen ses berişligiň netijesinde karara gelnendigi aýdylýar.

Belarusa 16 ýyl bäri ýolbaşçylyk edip gelýän Aleksandr Lukoşenkonyň prezidentlik möhleti 2011-nji ýylda tamamlanýar. Emma 2004-nji ýylda ýurtda geçirilen referendum prezident Lukoşenko prezident saýlawlaryna dowamly gatnaşmaga hukuk berdi.

Synçylaryň pikirlerine görä, Orsýet bilen Belarusyň arasynda dörän dartgynly ýagadaý Lukoşenkonyň geljekki saýlawlarda ýeňiş gazanmagyna kynçylyk döredip biler.

Belarus oppozisiýasy Lukoşenkonyň režimi döwründe ýurtda açyk, adalatly saýlawlaryň geçiriljekdigine ynanmaýandygyny aýdýar.

Resmi Waşington Lukoşenkony “Ýewropadaky iň soňky diktator” diýip atlandyrypdy.
XS
SM
MD
LG