Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Lužkowdan dynmak isleýär, ýöne bu iş aňsat däl


Bu söweş aslynda öten tomus başlandy. Moskwanyň meri Ýuriý Lužkowy tankytlaýanlar pursaty amatly bilip: “Hemme adam ýangyna garşy göreşip ýörkä, Awstriýa dynç almaga giden mer näme üçin tizräk yzyna dolanmady” diýip, hüjüme geçdiler.

10-njy sentýabrda döwletiň kontrollygyndaky NTW telekanaly: “Lužkowyň aýaly nähili bolup, gurluşyk işinden milliardlarça dollar gazanç edip, ýurduň iň baý zenanyna öwrüldi?” diýen soragy bermek bilen bu kampaniýanyň oduny ölçerdi. Şondan soň beýleki telekanallar hem hüjüme goşulyp, Moskwanyň meriniň üstüne tankyt üstüne tankyt ýagdyrdy.

Nämäni aňladýar?

Orsýetde haýsydyr bir syýasatçy barada bular ýaly zat başlansa, onuň mütdetiniň gutarandygyny aňladýar. Ýöne Lužkow welin, beýlekilerden tapawutly. Ol üstümizdäki hepde garaşsyz Ren TW kanalyna interwýu berip, özüne bildirilýän aýyplamalaryň hemmesini “zibil” diýip atlandyrdy. Wezipesinden hem geljek ýyl möhleti tükenýänçä çekilmejekdigini nygtady.

“Orsýetde özüňi aklamak goranmagyň ýoly däl. Biriniň ötünç soramagy onuň bir zatda günälidigini aňladýar” diýip, Lužkow aýtdy.

Moskwanyň öňki meri Gawril Popow: “Kreml şu wagt çykgynsyz ýagdaýda. Ol şonuň üçin Lužkowyň garşysyna ozal görlüp-eşidilmedik hüjümi gurnaýar” diýýär. Popowyň garaýşyça, ýurtda höküm sürýänler soňky wagtlarda bolan betbagtçylyklaryň öňüni alardan ejiz çykdy. Şol sebäpden olar halkyň ünsüni başga zada sowjak bolýarlar.

Popow: “Bu Sowet döwründe giňden ulanylan metod. Halk duşmany diýip atlandyrar ýaly adamlary tapyp, ýurduň ähli problemalaryny şolaryň üstüne ýükläbermeli” diýýär. Onuň pikiriçe, bu kamapniýalar Lužkowy wezipeden çekilmäge mejbur etmekde üstünlikli bolmaz.

Esasy sorag

Rogow: “Lužkowa Putin hüjüm edip bilmese-de, Medwedew edip bilýär”
Ýöne göreş güýjedigiçe, Medwedew näme üçin öz güýç-gudratyndan peýdalanyp, Lužkowy wezipeden boşatmaýar diýen sorag berilýär. Orsýetde ýurduň ýokary ýolbaşçysy hasaplanýan Putiniň bu jedele goşulmaýanlygy Medwedew bilen onuň arasy bozulandyr diýen çaklama getirýär.

Ýöne Putin bilen Medwedewiň agzybirlikli hereket edýänligine ynanýanlar-da bar. Olaryň biri syýasy analizçi Kiril Rogow: “Lužkowy boşatmak biraz kynrak. 2000-nji ýylda prezident saýlananda, ol Putine garşy çykmady. Şol sebäpden Putin oňa bu babatda borçly. Ýöne Lužkowa Putin hüjüm edip bilmese-de, Medwedew edip bilýär. Bu syýasy bölünişik däl-de, taktiki rolda bar bolan tapawut”.

Ýöne Rogow: “Lužkow gaýtawul berende Kremldäki güýçli toparlaryň arasyndaky bäsdeşlikden peýdalandy” diýýär. “Hakyky konflikt Lužkowy wezipeden boşatmak barada däl-de, onuň ornuna kimiň geljekdigi barada. Bir topar ol ýere öz adamsyny getirjek bolýar. Beýlekiler hem bu topary güýçlendirmegiň dogrudygyna ynanyp bilenok. Sebäbi Moskwanyň meri bolmak uly sylag” diýip, Rogow aýdýar.
XS
SM
MD
LG