Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde 69 million çaga okuw okamakdan mahrum


Şu günki gün dünýäde 69 million çaga okuw okamakdan mahrum, 774 million uly adam okap we ýazyp bilmeýär. Bu barada “Global campaign for education” hereketiniň 20-nji sentýabrda ýaýradan hasabatynda aýdylýar.

Graždan jemgyýetiniň hereketi bolan we global derejede bilim krizisiniň soňuna çykmak maksadyna eýerýän “Global campain for education” guramasynyň hasabatyna laýyklykda bilim problemasy boýunça dünýäniň iň gyzgyn nokatlary esasan Afrika kontinentinde ýerleşýär, Somali we Eritreýa regionyň iň erbet ýagdaýly ýurtlary hasaplanýar.

Hasabatda bellenişine görä, geçen onýyllykda dünýäde okamak mümkinçiligine eýe bolan çagalaryň sany ozalkydan 40 million köpeldi. Emma bu üstünlige garamazdan, ýagdaýyň häzirki gidişi 2015-nji ýylda okuwa gatnamakdan mahrum çagalaryň sanynyň ýene köpelmek howpuny döredýär.

Ýewraziýada şeýle nokatlar hökmünde hasabatda Owganystan we Pakistan görkezilýär. Emma hasabatda bilim ugrundan agyr ýagdaýly ýurtlaryň arasynda käbir GDA we Merkezi Aziýa döwletleri hem agzalýar. Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Moldowa hasabatda aýratyn üns berlen döwletlerdir. Hasabatda Türkmenistanyň bilim derejesine baha berilmeýär.

Nähili kemçilikler bar?


Türkmenistanda häkimiýet çalşansoň, 2007-nji ýylda orta mekdepleriň okuw möhleti 9 ýyldan 10 ýyla getirildi. Emma Türkmenistanda bilim ugrundan görülýän şu günki çäreler esasan täze mekdepleriň gurluşygy we okuw jaýlarynyň maddy-tehniki üpjünçiligi bilen çäklenýär.

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilim pudagynda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan häzirki işler barada gürrüň berip, täze gurulýan mekdepleriň hökmany suratda internet bilen üpjün edilýänligini belledi.

Emma oba mekdeplerinde internetiň okuwçylar üçin elýeterli däldigini oba ýaşaýjylary gürrüň berýärler. Orta mekdepleriň maddy-tehniki üpjünçiligi köplenç täze mekdepler bilen çäklenýäne meňzeýär.

Azatlyk Radiosynyň ýene bir söhbetdeşi özüniň mekdebe gatnaýan üç okuwçy çagasynyň bardygyny gürrüň berip, çagalarynyň mekdebindäki çykdajylaryň ene-atalaryň üstüne atylýanlygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, hatda mekdepdäki bejergi işleriniňdir täze okuw kitaplaryny mekdebe getirýän ulagyň çykdajylaryny-da ene-atalar tölemeli bolýarlar.

Mary welaýatynyň ýene bir ýaşaýjysy köp çagalaryň edebi kitaplary okamaýanlygyny gürrüň berdi we munuň sebäbini çagalaryň bilim we aň-düşünjesiniň ösüşi üçin ýurtda esasy şertleriň ýoklugy bilen baglanyşdyrdy. Türkmenistanly zenan öz ýaşaýan regionynda kitaphanalaryň, edebi kitaplaryň we kitap dükanlaryň ýoklugyny aýtdy.

Kadrlar ýetmezçiligi

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew mekdeplerde berilýän bilimiň pes derejede galmagynyň esasy sebäplerini kadrlaryň kemçilik etmeginde we mekdep okuwçylarynyň okuw prosesine degişli bomadyk çärelere örän köp çekilmeginden görýär.

Bugaýewiň sözlerine görä, çagalaryň şeýle çärelere gatnaşdyrylmagy sebäpli mekdep mugallymlaryna-da çagalara bilim bermekden daşgary goşmaça işler tabşyrylýar. Üstesine oba ýerlerinde mekdep mugallymlary esasy işiniň daşyndan öz maşgalalaryny eklemek üçin kärendesine ýer alyp, zähmet çekmeli bolýarlar.

“Ýurtda çaga zähmeti resmi taýdan gadagan edilse-de, oba çagalarynyň aglaba bölegi gün-güzeran üçin öz ene-atalaryna kömek berip, işlemeli bolýarlar. Şeýle ýagdaý bolsa çagalaryň bilim almak mümkinçiligine we bilim prosesiniň hiline zeper ýetirýär” diýip, Bugaýew aýdýar.

Bilim jemgyýetleriň we adamlaryň durmuşyna hemmetaraplaýyn güýçli täsir ýetirýär. “Global campain for education” hereketiniň 20-nji sentýabrda ýaýradan hasabatynda bilim elýeterliliginiň, hususan-da, aýallaryň hak-hukuklarynyň berjaý edilmegine we ilatyň saglyk ýgdaýynyň gowulanmagynda esasy şert bolup durýanlygy bellenilýär.
XS
SM
MD
LG