Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ garyp ýurtlara ýardam bermek syýasatyny özgerder


Çarşenbe güni amerikan prezidenti Barak Obama Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynyň çäginde eden çykyşynda öz ýurdunyň garyp ýurtlara ýardam bermek syýasatynda käbir özgerişlikleriň boljakdygyny aýtdy.

Hususan-da, Barak Obama mundan beýläk Birleşen Ştatlaryň garyp ýurtlara diňe bir pul kömegini hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem ol ýurtlarda talabalaýyk dolandyryşyň, kanunçylygyň we adam hukuklary boýunça açyk-aýdyň iş alyp barýan guramalaryň işiniň ýola goýulmagy üçin-de çalyşjakdygyny belledi.

Şeýle-de, ol Birleşen Ştatlaryň iň ilkinji nobatda harby konfliktlerden parahatçylyga, awtoritarizmden demokratiýa tarap hereket edýän ýurtlara ýardam bermekligi şert edip goýýandygyny hem mälim etdi.
XS
SM
MD
LG