Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabul Transowgan gaz geçirijisiniň howpsuzlygyny öz boýnuna alýar


Owganystan Transowgan gaz geçirijisiniň howpsuzlygyny üpjün etjekdigini aýdýar. Bu barada ors metbugatynda Owganystanyň magdan ministri Wahidulla Şahraniýä salgylanylyp habar berildi.

Ministriň aýtmagyna görä, talyp pitneçileriniň gözegçilik edýän ýerlerinde gaz geçirijiniň turbasy ýere gömülip, onuň goragyny üpjün etmek üçin hakyna sakçy tutmak planlaşdyrylýar.

Owganystanyň magdan ministri bu gaz geçirijiniň Owganystan üçin örän amatlydygyny, onuň geçýän ýerlerinde ýaşaýan owganlaryň doly möçberde tebigy gaz bilen üpjün ediljekdigini aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG