Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň Sergi köşgünde halkara kitap sergisi açyldy


Şu gün Aşgabat şäherindäki Sergi köşgünde halkara kitap ýarmarkasy we sergisi açyldy.

«Kitap - hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» ady bilen açylan bu kitap sergisine dünýäniň köpsanly beýleki ýurtlaryndanam neşir önümleriniň çykarylandygy habar berilýär.

Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda çap edilen neşir öňümleriniň bu halkara kitap serigisiniň esasy bezegi boljakdygyny öňe sürýärler.

Emma köp synçylar Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň tas hemme ýazyjy-şahyrlarynyň diýen ýaly eserleriniň çap edilmeginiň togtadylandygyny we diňe döwlet lideriniň öz ady bilen çykýan kitaplara uly orun berlendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG