Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Neşir önümleriniň sergisi


24-nji sentýabrda paýtagtyň Sergi köşgünde «Kitap—hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň V halkara sergi-ýarmarkasy açyldy.

Bu ýylky sergä, 90-dan gowrak dünýäde belli neşirýat öýleri, poligrafiýa kompaniýary we firmalary gatnaşýar. Olaryň aglabasy Russiýa wekilçilik edýär. Sergi-ýarmarkasynda diňe bir kitaplar däl, eýsem çaphana enjamlary, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň audio kitaplary hem görkezildi.

Eýýäm bäşinji gezek geçirilýän bu kitap sergisi ilkinji gezek 2006-njy ýylda «Ruhnama» kitabynyň ýazylmagynyň 5 ýyllygy mynasybetli «Altyn asyryň altyn neşir önümleri» diýen at bilen geçirilipdi. Şol gezekki halkara kitap sergisiniň düýp maksady dünýäniň otuzdan gowrak dillerinde neşir edilen «Ruhnamanyň» dabarasyny has-da belende galdyrmakdan ybarat bolupdy.

Sergide kim näme görkezdi?

Şu ýylky sergä 90-dan gowrak neşirýat kärhanalarynyň, çaphanalardyr neşir önümlerini ýerlemek bilen meşgullanýan edaralaryň gatnaşandygynagaramazdan, sergä çykarylan kitaplar tematika taýdan juda garyp. Pawilýonlardaky kitaplaryň aglabasy artistleriň durmuşy, Beýik Watançylyk urşy, medeniýet, sungat we ş.m. barada. Emma syýasy temadan, belli syýasy şahsyýetleriň memuarlary, ýa bolmasa, kriminalistika, detektiw, has ýiti žanrlara degişli kitaplar asla ýok diýen ýaly. Bu bolsa, paýtagta öz önümlerini getirmänkäler, kitap sergisine gatnaşýan kärhanalaryň ýolbaşçylaryna ýerli guramaçylar tarapyndan «degerli maslahatlaryň» berlendigini aňladýar.

Sergi-ýarmarkasynda kitap söwdasy hem guraldy. Kitaplaryň bahasy ortaça 5-8 dollar aralygynda boldy. Eger-de daşary ýurtda neşir edilen kitaplaryň paýtagtyň bazarlaryndaky nyrhy bilen deňeşdireniňde, onda sergidäki satuwa çykarylan kitaplar iki esse arzandyr.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy näme görkezdi?

Sergi ýarmarkasynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan şu ýylda neşir edilip başlanan türkmen nusgawy şahyrlarynyň, şeýle hem geçen asyryň ortalarynda ýaşap geçen ýazyjylardyr şahyrlaryň tapgyrlaýyn çap edilen kitaplary görkezildi. Ýöne bu kitaplar umumy hasap bilen alanyňda bary-ýogy 20 awtora-da ýetmeýär.

Mundan başga-da häzirki döwrüň wekillerine degişli bolan bäşe golaý awtorlaryň kitaplary hem sergä çykarylypdyr. Ýöne bu kitaplaryň daşky bezegi kaşaň bezelen-de bolsa, olaryň daşynda awtorlaryň atlary görkezilmändir. Bu kitaplaryň awtorlary bolan Kömek Kulyýewiň, Gözel Şagulyýewanyň, Jumageldi Mülkiýewiň, Atamyrat Atabaýewiň, Täçmämmet Jürdekowyň atlary diňe kitabyň içki sahypalarynda, ýagny titul listinde görkezilipdir.

Neşir önümleriniň sergi ýarmarkasynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan sergä çykarylan ýokarda agzalan kitaplar soňky üç ýylyň dowamynda neşir edilen kitaplardyr.

Sergide Türkmenistanyň prezidentine degişli kitaplar hem goýuldy. Ýöne Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň sergä çykaran kitaplarynyň aglabasy mekdep okuwçylarynyň ders kitaplary boldy.

Kitaplar az neşir edilýär

Soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda poligrafiýa öňki ýyllar bilen deňeşdireniňde ep-esli derejede ösdi. Çykarylýan kitaplaryň hili daşary ýurtda öndürilýän kitaplaryň hilinden gaty pes däl. Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda syýasy kitaplardan başga kitaplar juda az neşir edilýär.

Häzirki wagtda edebiýat ýetmezçiligi ýurduň ähli ulgamlarynda duýulýar. Täze döwrüň nukdaýnazaryndan ýazylan türkmen dilinde ykdysady, ýuridiki, syýasy kitaplar neşir edilmeýär. Öňki kiril elipbiýinden latyn elipbiýine geçilenine on ýylyň bolandygyna garamazdan, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini gaýtadan täze elipbiýde neşir etmek işleri-de juda haýal alnyp barylýar.

Elektron kitaplaryň tutuş dünýäde gitdigiçe meşhurlyga eýe bolýandygyna garamazdan, Türkmenistan bu babatda juda biagyrylyk edýär. Ozalky neşir edilen kitaplary elektron görnüşe geçirmekde ýurtda düýpli işler alnyp barylmaýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG