Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanada-Karaçi ýolagçy uçary Stokgolma gonduryldy


Partlama howpy baradaky maglumat esasynda gyssagly Stokgolmyň “Arlanda” aeroportuna gondurylan ýolagçy uçarynda partlaýjy maddanyň tapylmandygyny Şwesiýanyň poisiýasy habar berdi.

Üstünde 273 adam bolan “Boing-777” Kanadadan Pakistanyň Karaçi şäherine barýardy. Ol Stokgolma gonan badyna içindäki ýolagçylar çykaryldy.

Polisiýa pakistan asylly Kanadanyň graždanyny saklady. Kanadadanyň polisiýasynyň beren maglumatyna görä, onuň özi bilen uçara partlaýjy gural alyp giren bolmagy mümkin.

Şwesiýanyň polisiýa toparynyň başlygy Radman şeýle diýdi: “Häzir ýagdaý kadalaşdy. Bir erkek adam saklandy we polisiýa bölümine alnyp gidildi. Mundan öň biz Kanadadan Karaça uçup barýan bir adamyň ýanynda partlaýjy maddanyň bardygy dogrusynda gizlin maglumat aldyk. Uçaryň komandiri “Arlanda” aeroportuna gonmak kararyna geldi. Uçar gelip gondy”.
XS
SM
MD
LG