Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus prezidenti Dmitriý Medwedew Hytaýa sapara bardy


Rus prezidenti Dmitriý Medwedew Pekinde premýer-ministr Wen Žibao bilen duşuşyp, Hytaýa saparyny dowam etdirýär.

Medwedewiň üç günlük saparynyň gün tertibi aýdylmady, ýöne bu iki ýurt soňky aýlarda özleriniň energiýa hyzmatdaşlyklaryny giňeltdiler.

Orsýet dünýäniň iň uly energiýa öndürijisi bolsa, Hytaý geçen ýylda Birleşen Ştatlardan ozup geçip, dünýäniň iň uly energiýa sarp edijisi boldy.

Awgustyň aýagynda Orsýet gündogar Sibirden Hytaýa çekilen 1 müň kilometrilik çig nebit geçirijisiniň özüne degişli seksiýasyny açdy.
XS
SM
MD
LG