Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan agyr çaga zähmetini ýok etmekçi


Türkmenistan ýene birnäçe halkara konwensiýalara goşuldy. Mejlisiň 7-nji maslahatynyň çäginde makullanan halkara dokumentleriň arasynda Halkara zähmet guramasynyň çaga zähmetiniň iň erbet görnüşlerini gadagan etmek we aradan aýyrmak hakynda Konwensiýasy bar.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Sanobar Şermatowa Türkmenistanyň çagalary goramak boýunça döwletiň pozisiýasyny kanuny taýdan kepillendirmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, çagalaryň agyr işde işlemeginiň we çaga zähmetiniň giňden ulanylmagynyň tutuş regiona mahsus problema bolup galýanlygyny aýdýar. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň sosial-ykdysady kynçylyklarynyň, ilkinji nobatda-da garyplygyň esasy agramy çagalaryň paýyna düşýär diýýär.

Sanobar Şermatowa şol bir wagtda-da Türkmenistanyň çaga zähmetine degişli halkara dokumentine goşulmagyndan ýurtda çagalaryň ýagdaýynyň gowulanjagyna garaşmaýanlygyny aýdýar. Onuň bellemegine görä, çaga zähmetiniň ulanylmagy ýaly agyr problemany kanun kabul edeniň bilen çözüp bolmaýar.

Kagyz ýüzünde

Türkmenistanda çaga zähmetiniň ulanylmagy milli kanunlarda gadagan edilýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksine görä, 16 ýaşyna ýeten, 15 ýaşyndaky çagalar-da ene-atasynyň rugsat haty bilen zähmet ylalaşygy esasynda işe alynmaly.

Türkmenistanda çaga zähmetiniň ulanylmagynyň soňuna çykmak zerurlygy döwlet derejesinde 2008-nji ýylda gaýtadan tassyklanypdy. G.Berdimuhamedow “çagalaryň zähmetiniň ulanylmagy bilen bagly ýekeje-de wakanyň ýüze çykmagyna ýol bermezlik” gökezmesini berip, çagalaryň pagta ýygymynda işledilmegine ýol beren ýolbaşçylaryň jezalandyryljagyny duýdurypdy. Şonda pagta ýygymy sebäpli mekdep okuwçylary okuwdan galan ýagdaýynda mekdep müdirlerini işden çetleşdirmek duýduryşy hem edilipdi.

Türkmenistanda çaga zähmetiniň ulanylmagynyň öňüni almak meselesine döwlet derejesinde garalýan hem bolsa problemanyň aradan aýrylmaýanlygyny türkmenistanly synçy Döwletmyrat Ýazgulyýew Azatlyk Radiosyna aýtdy. Onuň sözlerine görä, Aşgabat şäheriniň bazarlarynda ýük daşamak bilen gazanç edýän 14-15 ýaşyndan uly bolmadyk çagalary görmek bolýar.

“Häzirki wagtda mekdepler aç-açan ýatyrylmasa-da, islegi bolan okuwçylaryň pagta goýberilýänligini we olary goýbermäge mejbur bolýanlygyny birnäçe mekdeperiň müdirleri aýdýarlar. Şonuň üçin, çaga zähmeti gadagan diýilse-de, pagta meýdanlarynda mekdep okuwçylaryny görmek geň hadysa däl” diýip, D.Ýazgulyýew aýdýar.

Sosial problema

Synçy Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanda çaga zähmetiniň ulanylmagynyň sebäbini agyr sosial problemalaryň çözülmän galýanlygynda görýär we neşekeşlik, işsizlik we korrupsiýa ýaly problemanyň çözülmegine zerurlygyna ünsi çekýär. “Ozalky ýyllara garanda şu günki gün ýurtda çaga zähmeti belli bir derejede azalan hem bolsa, entek ýurtda çaga zähmeti giňden ulanylýar diýmäge doly esas bar” diýip, D.Ýazgulyýew aýdýar.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Sanobar Şermatowanyň bellemegine görä, çaga zähmetiniň ulanylmagynyň soňuna çykmak üçin döwlet tarapyndan ençeme düýpli çäreler görülmeli: “Ilkinji nobatda-da ilat köpçüliginiň garyplygynyň, ene-atalaryň işsizliginiň we korrupsiýanyň soňuna çykmaly. Munuň üçin bolsa bazar ykdysadyýetine geçmek üçin şertler döredilmeli”.

Türkmenistanyň Mejlisi «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň proýektini hem makullady. Onda harby taýdan hasaba alnyşyny ýöretmäge, harby gulluga taýýarlanmaga, girişmäge we geçmäge, ätiýaçda bolmaga we beýleki meselelere degişli düzgünler resmileşdirildi.

Kanun taslamasynda harby gulluga çagyryş ýaşy 18 ýaşdan başlanyp kesgitlenildi. Şeýle hem harby gullugy geçmek üçin aňryçäk ýaş 30 ýaşdan 27 ýaşa çenli azaldyldy. Bu üýtgetmäniň BMG-niň «Çaganyň hukuklary hakyndaky» Konwensiýasynyň düzgünlerini nazara almak bilen girizlendigini habar berilýär.

Türkmenistanyň Mejlisi öz 7-nji maslahatynda Maýyplaryň hak-hukuklary boýunça fakultatiw protokoly we BMG-niň bilim, ylym hem medeniýet boýunça guramasynyň sportda dopinge garşy göreş baradaky halkara Konwensiýany hem makullady.
XS
SM
MD
LG