Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagly-Garabag söweşinde azeri esgeri öldürildi


Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi dawaly sebit bolan Dagly-Garabagdaky söweşde bir azeri esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

Ermenistan tarapyndan goldanýan bölüniji territoriýada dartgynlylyk ösýär.

Fransiýanyň AFP habar gullugy ermeni güýçleriniň ok atmasyz edilen liniýada azeri pozisiýalaryny oka tutmagy netijesinde bir azeri esgeriniň ölendigini aýdýar.

Ermeni hem azeri güýçleriniň arasynda Dagly-Garabag üstünde barýan söweşiň güýjeýändigi we şu ýylyň dowamyndaky çaknyşyklarda iki tarapdan azyndan 18 esgeriň ölendigi aýdylýar.

Diňe şu aýyň dowamynda 8 esgeriň öldürilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG