Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kim Çen Iriň oruntutary aýan boldy


28-nji oktýabrda Phenýanda soňky 44 ýylda geçirilen iň möhüm maslahatda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ir “Zähmet partiýasynyň” Baş sekretarlygyna gaýtadan saýlandy. Ol öz wezipesini körpe ogluna geçirmek üçin Kim Çen Una generallyk derejesini berip, ony birnäçe möhüm wezipelere belledi.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet telewideniýesiniň maglumatynda şeýle diýildi: “Berk kommunistik döwletiň gurulmagy ugrundaky özgertmeler amala aşyrylýan taryhy döwre gabat gelen “Zähmet partiýasynyň” liderleriniň maslahatynda halkyň hem partiýanyň lideri Kim Çen Ir “Zähmet partiýasynyň” Baş sekretarlygyna gaýtadan saýlanyldy”.

Kim Çen Ir öz üçünji, körpe ogly Kim Çen Un ekranda
28-nji sentýabrda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ir öz üçünji, körpe ogly Kim Çen Una general-polkownik çinini berip, ony ilkinji gezek ýurduň Merkezi harby komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belledi. Şeýle hem Kim Çen Un ýurduň “Zähmet partiýasynyň” Merkezi komitetiniň agzalygyna saýlanyldy.

Analitikleriň pikiriçe, bu hereket Demirgazyk Koreýanyň häkimiýet başyna ynha indi üçünji Kimi geçirmek üçin ädilen ilkinji ädimdir.

68 ýaşly Kim Çen Iriň 2008-nji ýylda saglygyna zeper ýetendigi çaklanylýar. Ýöne 28-nji sentýabrda geçirilen maslahat saglyk ýagadaýynyň ýaramazdygyna garamazdan, Kim Çen Iriň entek ýurduň syýasy arenasynda galýandygyny görkezdi. Muňa onuň öz ýerine taýýarlaýan oglunyň entek ýaş hem tejribesizligi sebäp bolup biler diýip, bu ýurt boýunça bilermenler aýdýarlar.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet telewideniýesinde berlen maglumatda generallyk çininiň alty adama berlendigi aýdyldy. Kimleriň maşgalasyna wepalylygy bilen tapawutlanýan şol adamlaryň hatarynda Kim Çen Iriň aýal dogany, Kim Kioň Hiýeniň-de ady agzaldy. Bu hereketi bilen DK-nyň lideriniň öz häkimiýetini has-da berkitmäge synanyşýandygy çaklanylýar.

Demirgazyk Koreýanyň aşa ýapyk ýurtdugyny unutmanyňda-da, hatda şonda-da Şweýsariýada okan Kim Çen Un barada maglumatyň örän azdygy bellenilýär. Ol baradaky maglumatlar Kim Çen Unyň 1983 ýa-da 1984-nji ýylda doglandygy Şweýsariýadaky mektepde okandygy we kakasynyň iň gowy görýän körpe ogludygy bilen çäklenýär.
XS
SM
MD
LG