Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropaly işçiler protest geçirýärler


Kärdeşler bileleşikleriniň şu gün Brýusselde geçirýän protestine tutuş Ýewropadan 100 müň töweregi işçi gatnaşýar. Oňa otuza golaý ýurtdan işçiler goşuldy.

Proteste sebäp bolan – Ýewropa Bileleşinde durýan döwletleriň berk refoma çärelerini girizýänligi. Bu çärelerde pensiýalary aşaklatmak, beýleki sosial programmalary azaltmak hem-de döwlet işgärlerine tölenýän aýlyk haklaryny azaltmak göz öňünde tutulýar.

Kärdeşler bileleşikleri banklar we beýleki maliýe guramalar tarapyndan döredilen ykdysady krizisden ejir çeken işçiler bolar diýip gorky edýärler. Banklary halas etmek üçin ýokary çykdajy eden hökümetler goýberilýän beýleki serişdeleri kemeltmek bilen ýagdaýy durnuklaşdyrmaga synanyşýarlar.

Ýewropanyň Kärdeşler bileleşigi konfederasiýasynyň başlygy Jon Monks: “Şu gün Ýewropa üçin möhüm gün” diýdi. Onuň sözlerine görä, “Ýewropa Bileleşiginde durýan ýurtlaryň ählisinde diýen ýaly döwlet tarapyndan goýberilýän serişdleri azaltmak barada täze programmalar ýola goýulýar”.

Jon Monksuň garaýşyça, bu iş ýaňy ýola düşüp gelýän ykdysadyýeti güýçden gaçyryp, ony gaýtadan durgunlyga salar: “Proteste çykanlaryň nämäni talap edýändiklerine adamlaryň düşünýändigine umyt edýärin. Olar “ykdysadyýetdäki berk çärelerden el çekiň, 30-njy ýyllarda edilen ýalňyşy gaýtalamaň” diýýärler. Hemme iş ýerlerini gysgaltmaň, şonda 30-njy ýyllarda ýüze çykan wakalaryň öňi alnar, ýagny “Beýik depressiýa” emele gelmez”.

Brýusseldäki protestler Ýewropa Komissiýasynyň geljekde býujet defisiti ýokary bolan agza döwletleri jezalandyrmak üçin täze düzgünleri girizmäge synanyşýan gününe gabat gelýär.

Barroso boýun aldy

Komissiýanyň başlygy Jose (Hoze) Manuel Barroso 28-nji sentýabrda çykdajylaryň aşakladylmagynyň ykdysadyýete zyýan ýetirmeginiň mümkindigini boýun aldy: “Biz bu reformany amala aşyrmak niýetimizde berk durus. Ýöne jogapkärçilikli hereket etmek biziň-de wezipämiz. Aýratyn-da ýaňy dikelip gelýän ykdysadyýet durmaz ýaly reformalar tapgyrlaýyn bolmaly”.

Ispaniýada kärdeşler bileleşikleri ýurduň işçilerini iş taşlaýyşa çagyrdylar. Iş taşlaýyş şu gün ir bilen başlanyp, Madridde oňa goşulmadyk awtobus sürüjilere ýumurtga zyňyldy. Protestçiler Madrid we Barselona ýaly şäherlerde uly bazarlara haryt alyp barýan maşynlary gabadylar. Ýurduň milli radiosy polisiýa bilen ýa-da işçileriň öz arasynda bolan çaknyşyklarda 11 adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Ýurtda transport gatnawynyň işi çäklenip, başagaýlyk döredi.

Ýurduň premýer-ministri Luis Rodriges Zapatero bu mesele bilen bagly eden çykyşynda şeýle diýdi: “Meniň bu iş taşlaýyşy goldamaýandygym hemmä mälim. Ýöne men protestçilere hormat goýýaryn. Biz ilatyň zähmet we demonstrasiýalary geçirmek hak-hukuklaryny berjaý etmek ugrunda iş alyp barýarys”.

Irlandiýada beton garýan maşynyň sürüjisi protest hökmünde ýurduň parlamentiniň derwezesini maşyny bilen süseninden soň polisiýa tarapyndan tussag edildi.

Protestler bütin Ýewropa boýunça Polşadan Portugaliýa, Litwadan Kipre çenli ýurtlarda geçirilýär.
XS
SM
MD
LG