Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lužkow Kremli gaharlandyrdy


Lužkow oppozision “New Times” žurnalynyň internet saýtynda ýerleşdirilen hatynda prezident Medwedewi ýurtda gorky we repressiýa howpuny döretmekde aýyplady.
Lužkow oppozision “New Times” žurnalynyň internet saýtynda ýerleşdirilen hatynda prezident Medwedewi ýurtda gorky we repressiýa howpuny döretmekde aýyplady.
Lužkowyň gaharly hatynyň neşir edilmegi, iki tarapyň-da kanuny ýollara ýüz urjakdygyny aýtmagy netijesinde Kreml bilen Moskwanyň işden boşadylan meriniň arasyndaky dawa güýjedi. 18 ýyllap Moskwa häkimlik eden öňki mer üstümizdäki aýyň başlarynda bir gazetde çykan makalasynda prezident Medwedewi tankytlamak bilen Kremli gaharlandyrdy.

Wezipden boşadylaly bäri Lužkowyň özüniň aýdan zady ýok welin, ýöne ýakyn dosty Iosif Kobzonyň aýtmagyna görä, ol özüniň boşadylmagyna garşy sud üsti bilen göreşmekçi.

Bu habardan sanlyja sagat soň hem Moskwanyň şäher häkimliginde bolandygy aýdylýan korrupsiýa işleri barada ors federal derňewçileriniň barlag işine başlandygy aýdyldy.

Lužkow hem 29-njy sentýabrda oppozision “New Times” žurnalynyň internet saýtynda ýerleşdirilen hatynda prezident Medwedewi ýurtda gorky we repressiýa howpuny döretmekde aýyplady.

Hat ýekşenbe güni ýazylan hem bolsa, Kremliň sözçüsi Natalýa Timakowa onuň mazmunynyň Medwedewiň Lužkowy işden kowmak baradaky kararyna täsiriniň bolmandygyny aýtdy.

Jenaýat işi gozgalarmy?

Oppozision syýasatçy Boris Nemtsowyň çaklamagyna görä, Lužkowyň garşysyna jenaýat işi gozgalar. Nemtsow: “Lužkowa ýöňkelmegi mümkin ýeke-täk çynlakaý gara Moskwada giňden ýaýran, jylawlap bolmaýan korrupsiýa. Medwedew jenaýat işlerini gozgamaly bolar. Ol bu işi etmese, Lužkow bir güýçli syýasy ägirt bolup çykar. Ol lapykeç resmileri we biznesmenleri daşyna üýşürer. Lužkowyň 2012-njy ýylda geçmeli saýlawlarda prezidentlige dalaş etmegi hem mümkin” diýýär.

Lužkow “Bütewi Rossiýa” partiýasyndan, ozal özi onuň düýbüni tutmaga gatnaşan-da bolsa, “ýalan gürrüňleriň, töhmetleriň öňüni alyp bilenok” diýip, sişenbe güni ony terk etdi.

Konstantin Kosaçýow ors parlamentiniň ýokarky öýüniň Halkara gatnaşyklary komitetiniň başlygy. Ol şeýle diýýär: “Bu işlere jogapkär Lužkowyň özi. Şähere, ýurda we partiýa eden inkär edip bolmajak hyzmatlaryna garamazdan, gynansak-da, ol soňky wagtlarda özüni asla kemissiz saýdy, ýeke-täk öz strategiýasynyň we taktikasynyň dogrudygyna ynanyp ugrady. Bular ýaly zat hemişe konflikte getirýär. Ine, hut şeýle-de boldy”.

Syýasy analizçi Mihail Delýaginiň pikiriçe bolsa, goýberen ýalňyşlaryna garamazdan, Lužkowyň moskwalylara, aýratyn-da 1990-njy ýyllarda eden hyzmaty az däl. Ol: “Moskwa ösmekden galdy, içki problemalar köpeldi. Dolandyryş sistemasy peselip, halka ähmiýet berilmedi. Ogurlyk, kezzaplyk artdy. Ýeke söwda işlerine däl, eýse ýönekeý adamlar hem nyşana alyndy. Şeýdip, Lužkowyň 1990-njy ýyllarda oýnan roly ýatdan çykdy gitdi” diýdi.
XS
SM
MD
LG