Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TOPH gün tertibinde, emma region çylşyrymly


Soňky döwürlerde Transowgan gaz proýekti baradaky gürrüňler has ýygjamlaşdy. Türkmenistanyň DAŞARY işler ministri Raşit Meredow ýakyn wagtlarda Yslamabada sapar edip, bu meselede pakistanly ýolbaşçylar bilen duşuşyk geçirdi.

Soňra Transowgan, TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz proýekti barada Owganystanda pikir alşyldy, onuň yzy bilen hem bu proýekte girýän ýurtlar, ýagny Owganystanyň, Pakistanyň, Türkmenistanyň we Hindistanyň degişli ministrleri sentýabr aýynyň üçünji hepdesinde Aşgabatda duşuşdylar. Şol ýygnaga gatnaşan owgan ministri Wahidulla Şahranynyň aýtmagyna görä, turbanyň gurluşyk işleri 2014-nji ýyla çenli tamamlanar.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu aktual mesele barada Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaýyň energiýa, ýurduň ýerasty baýlyklary hem-de gurluşyk boýunça baş maslahatçysy Mohammet Ýusuf Paştun bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Transowgan gaz proýekti barada soňky döwürlerde kän gürrüň edilýär. Eýse proýektiň iş ýüzünde amala aşyrylmagy barada gürrüň edilende, siz häzirki döwürde nähili pikirde?

Mohammet Ýusuf Paştun: Meniň pikirimçe, bu barada köp işler amala aşyryldy. Türkmenistanyň hökümeti soňky döwürlerde bu meselede täze tagallalara başlady. Owganystan şeýle ädime garaşýardy.

Mohammet Ýusuf Paştun
Meniň pikirime görä, bu proýekt bilen bagly ýakyn wagtda ýokary derejeli maslahat geçiriler. Proýekte gatnaşýan ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek bu ýygnagyň geljek 4-5 hepdäniň dowamynda amala aşyrylmagyna garaşylýar.

Bu ýygnak, belki Türkmenistanda geçiriler. Şol ýygnakda şu güne çenli amala aşyrylan işler hakda takyk netijä gelner. Maňa gowşan maglumatlara görä, Owganystanyň ýerasty baylyklary boýunça ministri şol ýygnaga taýyarlyk görüp başlady.

Meniň pikirimçe, ilki bilen Türkmenistanyň gaz baylygynyň möçberi anyklanmaly we şol maglumatyň esasynda biz gaz geçirijiniň gurluşyk işlerine başlamaly. Sebäbi bu ençeme milliard dollary öz içine alýan proýekt. Haçanda şeýle uly proýekti amala aşyrmak barada gürrüň edilende, bu barada deslapky öwreniş işleri geçirilýär. Şunlukda hemmäni gyzyklandyrýan bir sorag – bu proýekt milliardlap maýa goýmaga mynasypmy? Hem-de milliardlap pul çykdajy eder ýaly, şol ýerde ýeterlik gaz barmy? Bu barada anyk netijä gelinmeli. Elbetde, gaza talap bar, bu barada gürrüň ýok.

Ikinji uly mesele bolsa gaz geçirijiniň geçmeli regionynyň howpsuzlygy bilen bagly. Siziň-de bilşiňiz ýaly Owganystanyň Hyrat hem-de Farah welaýatlarynda howpsuzlyk boýunça az-kem problemalarymyz bar. Bu meseläniň hem çözgüdini tapmak zerur. Sebäbi bu proýektiň howpsuzlygy üçin bu uly sorag bolup durýar. Men bu ugurda Owganystanyň hokumetiniň, şol sanda ýurduň şol böleklerinde iş alyp barýan daşary ýurt esgerleriniň, esasan hem Amerikanyň alada edýänligini bilýärin.

Üçünji mesele bolsa, bu turbanyň Pakistanden geçjek bölegi bilen baglydyr. Sebäbi onuň uly bir bölegi Pakistanyň Bulujystan welaýatyndan geçmeli. Bu welaýatyň howpsuzlygy soňky döwürlerde garaşylmadyk derejede ýaramazlaşyp barýar. Onsoň bu mesele hakda hem doly diskussiýa edilmeli. Sebäbi haçanda gaz geçiriniň gurluşyk işi şol welaýata ýetende, oňa päsgelçilik döremez ýaly bu problema çözgüt tapylmaly.

Emma turbany gurmak baradaky syýasat barada gürrüň edilende, meniň pikirimçe, bu proýekte gatnaşýan ýurtlaryň arasynda o diýen ylalaşyksyzlyk ýok. Olaryň ählisi bu proýektiň näderejede möhümdigine göz ýetirýärler.

Azatlyk Radiosy: Ýaňy-ýakynda bu gaz geçiriji barada Türkmenistanyň we Pakistanyň ýokary derejeli wekilleriniň arasynda Yslamabatda ýygnak geçirildi. Onuň yz ýany bilen Türkmenistan bilen Owganystanyň wekilleriniň arasynda Kabulda duşuşyk boldy we käbir ylalaşyklara gol goýuldy. Şol duşuşykda gol çekilen dokumentler barada maglumat beräýseňiz?

Mohammet Ýusuf Paştun: Türkmenistan bilen Owganystanyň wekilleriniň arasynda Kabulda gol goýlan dokument gaz geçiriji bilen bagly käbir maddalar boýunça özara düşünişmek memorandumyndan ybaratdyr. Meselem, ýaňky agzap geçen problemalarymdan käbirleri barada şol dokumentde gürrüň edilýär we olara has jikme-jik garalmagy hem-de çözgüt tapylmagy barada gürrüň edilýär.

Azatlyk Radiosy: Bu prosesiň şeýle derejede haýal işlemeginiň sebäbi näme? Meselem, bu gazgeçiriji barada 10 ýyldan bäri gürrüň edilýär we siz bolsa düşünişmek ýaly deslapky ylalaşyklara şu wagt gelýärsiňiz?

Mohammet Ýusuf Paştun: Men bu barada diňe öz şahsy pikirimi aýdyp biljek. Ilki bilen-ä men bu proýekt bilen o diýen ýakyndan gyzyklanmadym. Meniň bu wezipä başlanyma ýaňy alty boldy. Hatda eger men Owganystanyň ýerasty baýlyklary boýunça ministr wezipesini eyeleýän bolaýanymda-da, bu proýekt barada o diýen çuňňur maglumat berip bilmezdim, sebäbi bu gaty köp ugurly mesele. Şol sebäpdenem bu proýektiň öňüne böwet bolýan zatlar hakda men diňe öz şahsy pikirimi aýdyp biljek.

Birinjisi, howpsuzlyk, ikinjisi, regionda bolup geçýän wakalar, meselem, Merkezi Aziýadaky meseleler. Eger ýadyňyzda bolsa bu proýekt barada gürrüň edilip başlananda, Özbegistanda hem Täjigistanda uly kynçylyklar bardy. Şeýle-de Owganystanda talybanlar we Pakistanda bolsa bu ýurduň özüne mahsus kynçylyklary ýüze çykdy. Eýranyň roly we tutuş bu meseleler barada amala aşyrylýan diskussiýalar hem wagt aldy.

Biz Eýranyň roluna üns bermän bilmeris. Emma esasy sorag - Eýrany bu prosese nähili gatnaşdyrmaly? Eýranyň bu proseslere gatnaşyp bilmegi üçin aýratyn şertler gerek bolmagy, hatda onuň beýleki partnýor ýurtlaryň orta atýan şertlerini kabul etmezligi-de mümkin. Eýranyň bu ugurda öňe sürýän şertleri biziň we biziň günbatar ýaranlarymyz üçin kabul ederliksiz bolmagy-da ahmal.

Meniň pikirimçe şu mesele geljekde esasy problemalardan biri hökmünde ýüze çykyp biler. Emma, umuman aydylanda, Transowgan gaz proýekti barada gürrüň edilip başlanmagy, bu regionda howpsuzlygyň oranaşyp başlanlygyny aňladýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Owganystan howpsuzlyk nukdaýnazaryndan bu proýektiň amala aşyrylmagyna taýýarmy?

Mohammet Ýusuf Paştun: Şu günki gün taýýar däl. Emma Owganystan Transowgan gaz proýektini gurmak üçin ýörite howpsuzlyk güýçlerini döretmäge hem-de bu ugurda çäreler görmäge taýýar.

Azatlyk Radiosy: Bu proýektiň amala aşyrylmagy ugrunda ykdysady kynçylyklar ýokmy? Sebäbi proýekte kim maýa goýar diýlen mesele hakda hem köp gürrüň edildi.

Mohammet Ýusuf Paştun: Bu barada şübhe ýok, ykdysadyýet – problemalardan biri. Emma, dogrymy aýtsam, bu barada meniň doly maglumatym ýok. Sebäbi bu Owganystana o diýen degişli problema däl. Owganystanyň bu proýekte goşant goşup biljek maliýe serişdesi hem ýok. Bu proýektiň çykdajysynyň köpüsi halkara donorlar, meselem, Aziýa Ösüş Banky hem-de Türkmenistan tarapyndan üpjün ediler. Bu, elbetde, proýekte gatnaşýan ähli ýurtlaryň garamagy esasynda tassyklanar.

Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde tutuş regiony öz içine alýan problemalaram bar. Meselem, Owganystan bilen Pakistanyň arasynda dowam edýän ynamsyzlyk hem-de Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky düşünişmezlikler. Eger bu proýekt amala aşyryljak bolsa, ilki bilen bu ýurtlaryň arasyndaky problemalara, ynamsyzlyklara hem-de düşünişmezliklere-de çözgüt tapmaly bolmazmy, bu klynçylyklaryn hötdesinden nähili gelip bolar?

Mohammet Ýusuf Paştun: Meniň pikirimçe, agzalýan proýektler iki ugurly rol oýnap biler. Şeýle proýekt ýurtlaryň arasynda ynam döretmäge hem-de regionda howpsuzlygyň emele gelmegine ýol açyp biler.

Haçanda biz ykdysady taýdan biri-birimize garaşly bolsak, şeýle ýagdaýda öz hereketlerimize gaty üns bereris hem-de seresaply ädim äderis. Eger meniň sizi uly ýitgä sezewar edip biljekdigime göz ýetirseňiz, onda siz meniň duşmanym hem bolsaňyz, gaty seresaply hereket etmeli bolarsyňyz. Diýmek, eger biz regiony ykdysady taýdan biri-birine ýakynlaşdyryp, olaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyryp bilsek, bu regionda howpsuzlygy ornaşdyrmaga şol derejede-de peýdaly bolar. Sebäbi biz biri-birimizi durnuksyzlaşdyrmazlyga synanyşarys.

Azatlyk Radiosy: Anyk söz bilen aýtsaňyz, siz gazgeçiriji Owganystanyň territoriýasynda haçan gurlup başlar öýdýärsiňiz? Bu hakda öz çakyňyzy aýdyp biljekmi?

Mohammet Ýusuf Paştun: Elbetde, şeýle çaklamany öňe sürmek gaty kyn. Siz ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamadan sorasaňyzam, olam şeýle soraga takyk jogap berip bilmezmikä diýýärin.

Pakistanyň, Owganystanyň, Türkmenistanyň we hatda Hindistanyň hem bu proýektiň näderejede çalt mümkin bolsa, amala aşyrmak isleýänligini bilýärin. Esasy zat bu proýekte kimiň näderejede mätäçligidir.

Owganystan, elbetde, bu proýektiň çalt amala aşyrylmagynyň tarapdary, sebäbi bu gaz geçiriji ýurda girdeji getirer. Pakistan hem ony goldaýar, sebäbi bu ýurt gaza juda mätäç.

Hindistanyň gaza bolan mätäçligi göz öňünde tutulanda, bu proýektiň olar üçin näderejede möhümdigine-de göz ýetirmek kyn däl. Sebäbi bu turbadan akjak gazyň 70-80%-i Hindistana barar.

Şol nukdaýnazardan seredilende, men hyzmatdaşlyk üçin häzirki döwrüň uly mümkinçilik döredýänligini aýdyp biljek. Emma regional ýagdaýlar gaty çylşyrymly.

Eger siz bu proýektiň gurluşyk işlerine haçan başlanmaly diýseňiz, men-ä ertirden başlansyn diýjek. Emma haçan başlap bileris diýlen soraga jogap bersem, bu iş beýleki ähli zatlar üpjün edilen halatynda başlanyp bilner. Meniň pikirimçe, şeýle uly proýektiň howpsuzlyk bilen bagly ugruny Owganystanyň hökümeti öz boýnuna almaly.

Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri bolsa, 2011-nji ýyldan başlap şeýle jogapkärçiligi boýnuna almaga taýyn bolar. Şol möhlete bir ýyl bar. Bir ýylyň dowamynda beýleki problemalar hem çözülmeli. Netijede, 2011-nji ýyla çenli Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri regionda ýerleşdirilen halatynda bu proýektiň gurluşyk işleriniň 2011-nji ýylyň aýagynda ýa 2012-nji ýylyň başlarynda başlanmagy mümkin.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG