Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Ştatlaryň resmileri Guatamaladan ötünç sorady


Anna güni agşam Birleşen Ştatlaryň hökümet resmileri 1940-njy ýyllarda Guatamalada amerikan alymlarynyň käbir türme tussaglaryna we aň taýdan näsag adamlara bilkastlaýyň sifilis keselini ýokaşdyryp, geçiren barlaglary üçin ötünç sorap çykyş etdiler.

Anna güni bu barada Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton we Ilat hyzmatlary boýunça sekretary Katlin Sebelius ýörite beýanat etdiler.

Bu gürrüňi edilýän ylmy tejribiler 1940-njy ýyllarda Birleşen Ştatlaryň hökümet edarasynyň maliýeleşdirmeginde penisillin dermanynyň täsirlerini barlamak üçin, adamlara ýörite howply keselleriň wiruslaryny goýbermek arkaly geçirilipdir. Bu baradaky faktlaryň üsti ýakynda amerikan taryhçylary tarapyndan açyldy.

Anna güni Birleşen Ştatlaryň häzirki prezidenti Barak Obama we ozalky prezidenti Bill Klinton Guatamalanyň prezidenti Alwaro Koloma jaň edip, bu bolan işler üçin ondan resmi ýagdaýda ötünç soradylar.
XS
SM
MD
LG