Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muşarraf syýasata dolanýar


Onlarça tarapdary tarapyndan alkyşlanan Perwez Muşarraf özüniň täze partiýasynyň korrupsiýa garşy göreşjekdigini, gowşan ykdysadyýeti täzeden dikeltjekdigini we yslamçy söweşijilere garşy göreşi güýçlendirjekdigini bildirdi.
Onlarça tarapdary tarapyndan alkyşlanan Perwez Muşarraf özüniň täze partiýasynyň korrupsiýa garşy göreşjekdigini, gowşan ykdysadyýeti täzeden dikeltjekdigini we yslamçy söweşijilere garşy göreşi güýçlendirjekdigini bildirdi.

Pakistanyň öňki prezidenti Perwez Muşarraf ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna goşulmak üçin özüniň täze bir partiýa döredýändigini yglan etdi. Şeýle hem ol ýurdy harby goşuna has uly syýasy rol bermeklige çagyrdy.

Häzir pensiýada oturan general Perwez Muşarraf Londonda geçirilen metbugat konferensiýasynda çykyş edip, “Pakistanyň ähli musulman ligasy” (APML) atly täze döreden partiýasynyň “milli arassalanyş” boljakdygyny aýtdy.

“Men syýasata goşulmakçy. Pakistandaky häzirki syýasy alternatiwalar ýurdy garaňkylykdan çykarjak ýagtylygy wada berenok. Meniň kararyma şu ýagdaý sebäp boldy. Meniň pikirimçe, ýagtylygy men döredip bilerin” diýip, Muşarraf aýtdy.

Onlarça tarapdary tarapyndan alkyşlanan Perwez Muşarraf özüniň täze partiýasynyň korrupsiýa garşy göreşjekdigini, gowşan ykdysadyýeti täzeden dikeltjekdigini we yslamçy söweşijilere garşy göreşi güýçlendirjekdigini bildirdi.

Harbylaryň orny

Öňki prezident Perwez Muşarraf 29-njy sentýabrda hem Londonda eden çykyşynda: “Ýadro ýaragyna eýe bolan yslam respublikasynda dörän ýagdaýyň ýeketäk çözgüdi harbylaryň ýurduň dolandyrylyşyna gatnaşmagy” diýdi.

“Pakistandaky şertlerde durnuklylyk isleýän bolsak, hökümetiň demokratik funksiýalaryny ýerine ýetirmeginde gözegçilik we deňagramlylyk isleýän bolsak, onda harbylaryň roly bolmaly diýip, hemişe pikir edip geldim” diýip, Muşarraf aýtdy.

1947-nji ýylda garaşsyz bolandan soň, aradan geçen 63 ýyllyk döwrüň ýarysynda Pakistanda ýurduň harbylary höküm sürüpdi. Olaryň täsiri hazir hem güýçli. Häkimiýetden aýrylany bäri Londonda ýaşýan Muşarraf bolsa 2013-nji ýylda geçmeli saýlawlara gatnaşmakçy.

67 ýaşly, pensiýa çykan general Perwez Muşarrafyň çaklamagyna görä, Pakistanyň ýaragly güýçleriniň syýasatda oýnaýan roly güýçlendirilmese, onda olaryň Pakistandaky häzirki hökümetiň garşysyna herekete geçmegi mümkin.

Muşarraf: “Yslamçy söweşijilere garşy göreşmekde, ykdysadyýeti gaýtadan dikeltmekde, weýrançylykly silde Pakistanyň häzirki hökümetiniň bitiren işi bolmady” diýdi. “Pakistanlylar kyn günlerde hökümetden däl-de, goşundan haraý gözleýärler”.

Muşarraf ýakynda goşun başlygy general Aşfag Perwez Kaýany bilen prezident Ali Zardarynyň we premýer-ministr Ýusuf Ryza Gilanynyň arasynda geçen krizis boýunça duşuşyga salgylanyp: “Häzir goşunyň başlygynyň gysyş astyndadygyna şübhe ýok” diýdi.

Nämä garaşmaly?

Muşarraf 1999-njy ýylda harby wezipedekä şular ýaly basyşyň özüniň hökümetiň garşysyna geçip, harby agdarylyşyk esasynda häkimiýeti eýelemegine itergi berendigini aýtdy. Şeýle hem ol özüniň häkimiýet başyndaka goýberen ýalňyşlyklary üçin ötünç sorady.

“Häkimiýetdäki iň soňky dokuzynjy ýylymda gowy garşylanmadyk kararlar bar. Şol kararlaryň her birisiniň aňyrsynda belli bir sebäp ýatyr. Şol kararlarymyň aňyrsyndaky uzyn wakalary ynam bilen aýan etmegi göz öňünde tutýaryn” diýip, Muşarraf aýtdy.

Britaniýada ýerleşýän London uniwersitetiniň Günorta Aziýa boýunça bilermeni Mariýe Lallyň pikiriçe, häzirki ýagdaýda döwlet agdarylyşygynyň ähtimallygy ýokary däl. “Sebäbi häzir Pakistandaky harby goşun başga işler bilen başagaý”.

“Ýurduň günbatar regionynda uruş barýar. Gündogarda Kaşmiriň howpsuzlyk meselesi ýatyr. Goşun silden ýeten zyýanlara garşy hem iş alyp barmaly. Oňa ýolbaşçylyk edýän hem general Kaýany. Ol goşuny syýasata goşmaga garşydygyny açyk aýtdy” diýip, Lall aýdýar.

Ýöne käbir analitikler öňki harby ýolbaşçynyň Pakistanyň halkynyň goldawyny gazanjagyna şübheli garap: “Onuň ol ýerde güýçli duşmanlary bar” diýýärler. Lallyň pikiriçe bolsa, Pakistanda bu partiýa orun bar. “Muşarrafyň hem gaýtadan syýasata goşulmaga şansy köp”.

“Muşarraf häzirki ýolbaşçylardan närazy orta gatlagyň belli bir bölegine wekilçilik edýär. Bu gatlak goşunyň göni höküm sürmegini däl-de, Muşarrafyň aýdyşy ýaly, oňa syýasatdaky bir gurluş hökmünde kanuny ýollar bilen ulurak rol berilmegini isleýär” diýip, Lall aýdýar.
XS
SM
MD
LG