Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ýene-de köpçülikleýin tussag edişlikler boldy


Şu gün Eýranda 73 student syýasy hereketleri üçin hökümet tarapyndan tussag edildi.

Eýranyň «Daneş-ju-Nýuz.kom» atly oppozision saýtynyň habar bermegine görä, bu soňky on ýylyň dowamynda amala aşyrlan in bir uly köpçülikleýin tussag edişliklerden biridir.

Berilýän maglumatlara görä, tussag edilen studentler häzirki wagtda Eýranyň dürli künjeklerindäki türmelerde saklanýar.

Oppozision studentleriň lideri Amir Raşidi «Farda» radiostansiýasyna beren interwýusynda Eýranyň hökümetiniň ýokary okuw jaýlarynda berk kontrollygy ornaşdyryp, studentleriň arasynda syýasy işleriň öňüni almagy maksat edinýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG