Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaýda klimatyň özgermegi boýunça BMG-niň maslahaty geçýär


Şu gün Hytaýyň Tianjin şäherinde klimatyň özgermegi boýunça BMG-niň nobatdaky maslahaty açyldy.

Alty gün dowam etjek bu maslahat şu ýylyň noýabrynda Meksikada geçjek klimat boýunça Sammitiň öňisyrasyndaky soňky duşuşykdyr.

Tianjinde geçýän maslahatyň esasy maksady Meksikada geçjek Sammitde serediljek ylalaşyklaryň mazmunyny tassyklamak bolup durýar.

Tebigaty goraýjy «Grinpis» hereketiniň wekilleriniň aýtmagyna görä, soňky döwür dünýäde negatiw netijeli klimat özgermeleri bolup geçýär. Muňa mysal edip, olar Orsýetde dörän ýangynlary we Pakistandaky suw almalary görkezýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG