Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda milli puluň hümmeti pese gaçýar


Eýranyň milli puly rialyň dollardaky hümmeti soňky hepdelerde görnetin aşak gaçdy we bu ýagdaý ýurduň ykdysadyýeti baradaky şübheleriň güýçlenmegine getirdi.


Eýranlylaryň arasynda dollara bolan talabyň birden ösmegi bilen tähranly pul söwdagärleriniň käsiniň dollar satmalaryny bes edendigini aýdýarlar.

Ýurduň milli pul birligi bolan rialyň hümmetiniň dollaryň garşysynda birden aşak gaçmagy bilen Eýranyň uzak möhletli ykdysady gelejegi babatdaky şübheler görnetin ýokarlandy.

Geçen hepde halkara sanksiýalarynyň ykdysadyýete ýetiren täsiri astynda rial amerikan dollarynyň garşysynda 13 prosent aşak gaçdy.

Dollara bolan isleg artdy

Bu ýagdaý biznesmenleriň we ýönekeý adamlaryň arasynda dollara bolan islegiň birden ösmegine, pul çalşylýan ýerlerde uzyn nobatlaryň döremegine getirdi. Tähranda pul söwdagärleriniň käsiniň dollar satmalaryny bes edendigi hem aýdylýar.

Häzir Eýranyň Merkezi bankynda bir dollar 10.700 rialdan satylýan bolsa, beýleki alyş-çalyş nokatlarynda bir dollar 10. 900 rialdan satylýar. Merkezi bankyň başlygy Mahmud Bahmani 30-njy sentýabrda rialyň dollardaky hümmetiniň şu hepde «kadaly nyrha», yagny bir dollaryň bahasynyň 10.600 riala dolanyp geljegini aýtdy.

Ol eýranlylary rialy daşary ýurt pullaryna ýa altyna çalyşmaga howlukmazlyga çagyrdy we bankda nagt pul ýetmezçiliginiň ýokdugyny nygtady.

Dollaryň gymmatlamagy gazetlerde kesgin sözbaşylaryň köpelmegine we ýurduň ykdysady ýagdaýy barada dürli çaklamalaryň öňe sürülmegine getirdi.

Pul söwdagäri Mehdi Täjik käbir kärhanalaryň pul durnuksyzlygy sebäpli öz gapylaryny ýapmaga, işlerini togtatmaga mejbur bolandygyny aýdýar: «Pul durnuksyzlygy sebäpli bazar bir hepde ýapyk durdy. Şu sebäpden biz hiç bir söwda edip bilmedik. Söwda nokatlarynyň bir topary bahalar durnuklaşýança, söwdany duruzmaly boldy. Häzir bahalar durnuksyz».

Hökümeti günäleýärler

Söwdagärleriň käsi pul çalşygynyň derejesiniň kadasyzlygy üçin hökümeti günäleýärler. Tähranly Jawad “Roýter” habar agentligine beren gürrüňinde hökümet dollaryň bahasyny bilkastlaýyn gymmatlatdy diýip pikir edýändigini aýtdy: «Amerikan dollarynyň bahasynyň üýtgäp durmagy we pul alyş-çalşygy hökümetiň elindäki zatlar. Hökümet bu ýagdaýy daşary ýurtlar bilen alyş-çalyş bahalaryny ýokarlandyrmak üçin döretdi».

49 ýaşly Amir bolsa “Roýter” habar agentligine beren gürrüňinde rialyň hümmetiniň aşak gaçmagynyň Eýranyň ykdysadyýeti barada bir topar sorag döredendigini aýtdy: «Diňe eýranlylar däl, öz ýurdunyň puly bilen daşary ýurt pulunyň alyş-çalşygynda we ykdysadyýetinde bolýan bular ýaly ýygy üýtgeşmelerde islendik jemgyýet alada galsa gerek».

Eýranyň banklary BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň girizen sanksiýalarynyň nyşanasyna öwrüldi. Birleşen Ştatlaryň Kongresi, Ýewropa Bileleşigi – bularyň hemmesi birleşip, Eýrany ýadro programmasyny togtatmaga yrjak bolýarlar.

Günbatar Eýranyň ýadro programmasyndan maksat atom bombasyny edinmekdir öýdýär, Tähran bolsa bu aýyplamany ret edýär.

Londonly ykdysatçy Mehrdad Emadi dollaryň bahasynyň gymmatlamagynyň sebäbini eýranlylaryň ýurduň ykdysady gelejeginden gorkulary we ynamdar pul gözlemegi bilen düşündirýär.
XS
SM
MD
LG