Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Okeanlaryň astyndaky jandarlaryň älemi


Grenader balygy, “Suwasty jandarlaryň ýazuwy” proýektinden (Surat: MAR-ECO/Oystein Paulsen-IMR)
Grenader balygy, “Suwasty jandarlaryň ýazuwy” proýektinden (Surat: MAR-ECO/Oystein Paulsen-IMR)

Okeanlaryň suwlarynyň astynda her ýerde ýaşaýyş bar.

10 ýyllap geçirilen barlaglardan, ýüzlerçe okean ekspedisiýalaryndan we 80-den gowrak ýurtlardan gatnaşan alymlaryň müňlerçe sagatlap geçiren işlerinden soň, “Suwasty jandarlaryň ýazuwy” atly proýekt deňizasty ýaşaýyş boýunça henize çenli bilinmeýän zatlary orta çykardy.

Alymlar “jandarlaryň garaşylmadyk ýagdaýdaky aýaga galyşlygynyň” üstüni açandyklaryny we ýazuwyň netijeleriniň planetanyň okeanlaryndaky ýaşaýyş barada görlüp-eşidilmedik maglumatlardan ybaratdygyny aýdýarlar. Olar adamlaryň suwasty ýaşaýyşa ýetirýän täsirleri barada hem maglumat edinendiklerini öňe sürýärler.

“Ylmy jemgyýetçilik okeanlarda nämeleriň bolup geçýändigi, nämeleri bilmeýändigimiz, nämeleriň üstüni açyp biljekdigimiz we jandarlaryň synplandyrylyşy barada kän bir gyzyklanmaýardy” diýip, ýazuwyň dolandyryş komitetiniň agzasy, okeanografiýa boýunça spesialist Jeýms Beýker aýdýar. “Emma hemmeleri bir ýere jemlemek ýa maliýe meseleleri boýunça bizde hiç haçan mümkinçilik bolmandy. Seýlelikde, meniň pikirimçe, alymlar jemgyýetçiligi öň mümkin bolmadyk zady indi edendigimize juda begenýän bolmaly”.

650 million dollarlyk proýekti maliýeleşdirmäge 600 topar, şol sanda hökümetler, korporasiýalar, hökümete degişli bolmadyk guramalar we uniwersitetler gatnaşdy.

Suwuň astynda müňlerçe täze jandarlar tapyldy. Mysal üçin, alymlar Atlantik okeanynda tapylan bir jandaryň oňurgalylar bilen oňurgasyzlar synpynyň arasyndaky bir organizmdigini aýdýarlar.

Ýazuwyň netijesinde 6,000 sany täze bolmagy ähtimal jandar hasaba alyndy. Bilinýän organizmleriň görnüşleri bolsa 20,000-e çenli köpeldi. Şeýlelikde, häzire çenli bilinýän suwasty jandarlaryň sany 230,000-den 250,000-e çykdy. Mundan başga-da, barlaglaryň bellemegine görä, bu san dünýädäki okeanlarda ýaşaýan organizmleriň diňe dörtden bir bölegi bolmagy hem ahmal.

Suwasty gurşaw boýunça ekolog we ýazuwyň dolandyryş komitetiniň başlygy Ian Poýner dünýäniň okeanlaryndaky dürli jandarlaryň biri-biri bilen ýakyndan baglanyşykly bolmagy alymlary geň galdyrdy diýip, “Reuters” agentligine aýtdy.

“ABŞ-nyň günbatar kenarlaryndan Ýaponiýa tarap we ol ýerden ABŞ-nyň günbatar kenarlaryna tarap süýşýän tunes balyklary bar. Awstraliýanyň günorta-günbatar kenarlaryndan Günorta Afrika tarap süýşýän akulalar bar” diýip, Poýner aýdýar. “Şeýle arabaglanyşyk barada biz mundan öň bilemzokdyk”.

Alymlar genetika boýunça-da şeýle derejedäki arabaglanyşygyň üstüni açdylar. Balyklaryň genetik kodlary boýunça alymlaryň geçiren barlaglary jandarlaryň biri-birlerinden 15 prosentden hem az tapawut edýändiklerini görkezýär.

"Suwasty saglyk"

Hrançid kalmar (Suwasty ýazuw proýektinden)
Emma, belki-de, bu ýazuwyň netijesiniň iň möhüm tarapy – dünýäniň okeanlaryndaky “saglyk ýagdaýyny” ölçemäge şert döretjek maglumatlary orta çykarýar.

Ýakynda “British Petroleum” kompaniýasynyň Meksikan aýlagyndaky skwažinasynda ýüze çykan betbagtçylykdan öň, alymlaryň bagtyna diýen ýaly, olar bu aýlag boýunça düýpli barlag işlerini geçiripdiler. ABŞ-nyň taryhyndaky daşky sreda boýunça iň erbet betbagtçylykda millionlarça barrel nebit iýul aýyna çenli suwa akypdy.

2009-njy ýylda aýlagda geçirilen barlaglaryň netijesinde 8,000-den gowrak jandar hasaba alyndy. Bularyň arasyna nebitiň dökülen ýerinde ýaşaýan balyklar we süýt emdirijiler hem girýär.

Indi, betbagtçylykdan soň, ýazuwyň çykaran netijeleri ekosistemanyň nähili ýagdaýda özüne gelýändigini kesgitlemäge we ýagdaýy gowulandyrmak üçin nämeleriň edilmelidigi barada biologlara goldaw bolar.

ABŞ-nyň prezident administrasiýasynyň dökülen nebit boýunça derňew işlerini geçirýän ýörite komissiýasynyň bäş agzasynyň ikisi ýazuwyň barlag toparynda iş alyp barypdy.

“Ýazuw Meksikan aýlagyndaky jandarlar boýunça düýpli maglumatlary ýygnapdy” diýip, Beýker aýdýar. “Indi, elimizde bar bolan maglumatlaryň kömegi bilen suwuň ýüzüne ýaýran we aşaklaryna siňen nebitiň ýetiren zyýanlaryny has gowy edip seljereris”.

Proýektiň netijeleri global maýlamanyň we okeanlaryň asidleşmeginiň täsirlerini ölçemekde hem alymlara goldaw bolar. Bu ýagdaýyň suwasty ýaşaýyşa ýiti tasir edýändigi eýýämden anyklanyp başlanypdy.

Soňky 30 ýylyň dowamynda planktonlaryň 40 prosenti ýok bolup gitdi. Geçirilen barlaglar munuň sebäbini suwuň gyzgynlygynyň ýokarlanmagynda görýär.

Barlagyň netijeleri dünýädäki balykçylyk senagatynyň nädip durnukly saklanyp boljakdygy baradaky gymmatly maglumatlary hem öz içine alýar diýlip, habar berilýär.

4-nji oktýabrda ýazuwyň Londondaky tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden alym we proýektiň egindeş esaslandyryjysy Jesse Ausubel barlaglaryň netijeleriniň “islendik arzuwdan öte geçendigini” belledi.

Ol özüniň we bu proýekte gatnaşan 2,000-den gowrak ekspertiň “250 ýyl mundan öň ilkinji sözlügi we ansiklopediýany döreden adamlar ýaly duýýandyklaryny aýtdy”.
XS
SM
MD
LG