Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan girdejiler barada halka iň az maglumat berýän ýurt


Girdejilere gözegçilik etmek boýunça Halkara Institutyň nebit we gaz öndürýän 41 ýurdy öz içine alýan ilkinji hasabatynda döwletleriň maliýe işleriniň açyklyk derejesi boýunça Braziliýa birinji orun, Türkmenistana bolsa iň soňky orun berlipdir.

6-njy oktýabrda ýaýradylan bu hasabat düýbi ABŞ-da ýerleşýän Girdejilere gözegçilik etmek boýunça iş alyp barýan Institut bilen Germaniýada ýerleşýän “Transparancy International” atly gurama tarapyndan bilelikde taýýarlanypdyr.

Raportda aýdylşyna görä, bu hasabat nebit, gaz we beýleki ýerasty baýlyklardan gelýän girdejileri hökümetleriň neneňsi we nädejede halk köpçüligine aýan edýänligine baha berýär.

Raportyň awtorlaryndan biri Juan Karlos Kuiroz bu hasabatyň ähmiýeti barada şeýle diýdi: “Hasabatdaky ýurtlaryň ählisinde nebit, gaz we beýleki ýerasty baylyklar jemgyýete degişli bolup durýar. Şoňa görä-de, şol resurslaryň söwdasyndan gelýän girdejileriň neneňsi sarp edilýändigi barada raýatlaryň maglumat almaga doly hukugy bardyr”.
XS
SM
MD
LG