Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talybanlar bilen gepleşiklere başlandy


Düýn Owganystanyň we Päkistanyň resmileri Talyban wekilleri bilen bilelikde Kabulda ýaraşyk gepleşiklerine başladylar.


Kabulda barýan bu duşuşykdan maksat owgan urşuny gepleşikler arkaly soňlamak. Bir ýyldan gowurak mundan ozal hem Saud Arabystanyň ýolbaşçylygynda taraplar arasynda şular ýaly duşuşyklar bolup, netijesiz tamamlanypdy.

Maglumata görä, bu gepleşiklere Owganystanyň Ýaraşyk Geňeşi diýilýän guramasynyň wekilleri resmi taýdan entek gatnaşanok. Ýöne 69 adamdan durýan bu Geňeşiň käbir agzalarynyň şu günki gepleşiklerde bardygy aýdýar.

Ýaraşyk Geňeşi owgan hökümetiniň delegasiýalaryny, mujaheddinleriň öňki serkerdelerini, Owganystanyň hökümete degişli däl guramalarynyň ýolbaşçylaryny, öňki Talyban resmilerini, şeýle hem häzir bosgunlykda ýaşaýan Gulbeddin Hikmetýaryň “Hezb-i Isalmi” fraksiýasynyň öňki agzalaryny öz içine alýar.

Birleşen Ştatlaryň gündelik gazeti “Washington Post” hem düýn “taýýarlyk häsiýetli gizlin gepleşikleriň” barýandygyny ýazdy.

Gepleşikler gizlin häsiýetde

Bu gepleşikleriň ýeri, oňa kimleriň gatnaşýanlygy barada “Washington Post” gazetinde berlen anyk maglumat ýok. Ýöne onda owgan we arap çeşmelerine salgylanylyp, owgan talyplarynyň Päkistanda ýerleşýän Kuetta-Şurasy we onuň ýolbaşçysy Molla Omar tarapyndan Talyban wekillerine bu gepleşige gatnaşmaga ilkinji gezek doly ygtyýar berlendigi aýdylýar.

“Owgan strategik merkezi” atly hökümete degişly däl toparyň başlygy, Owgan Ýaraşyk Geňeşiniň agzasy Abdul Hamid Mubareziň aýtmagyna görä, bu gepleşiklerden maksat owgan urşunyň soňlanmagy üçin Talyban ýolbaşçylary bilen ýörite gepleşiklere mehanizm döretmek.

“Bu gepleşiklerde saldamly öňegidişligiň bolaryna ynanmaýan bolanlygymda, bu ýaraşyk gepleşiklerine goşulmazdym” diýip Mubarez aýdýar.

Abdul Hamid Mubarez Päkistanyň hökümetiniň hem bu gepleşiklerde möhüm rol oýnaýajakdygyny belledi.

“Owgan halky uruşdan halys irdi. Päkistan hökümeti hem bu gepleşiklerde möhüm rol oýanaýar. Sebäbi, Talybanyň güýçli daýanç nokatlary Päkistanda. Meniň pikrimçe, Päkistan indi kynçylyklar bile ýüzbe-ýüz bolup dur. Onuň bu konfliktiň çözgüdine kömek etmekden başga ýoly ýok” diýip Mubarez belledi.

Bu gepleşiklerde Päkistan delegasiýasyna ýurduň öňki daşary işleri ministeri Aftab Ahmad Şirpawýň ýolbaşçylyk edýändigi habar berilýär. Maglumata görä, Talybanyň delegasiýasy şeýle gepleşiklere gatnaşan öňki agzalary we Talyban režiminiň öňki daşary işleri ministeri Malawy Mutawakil we režimiň Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşygyny üpjün eden Abdul Hakim Mujahed ýaly adamlary öz içine alýar.

Amerikan resmileri Talyban bilen hakyky gepleşiklere başlamak üçin entek irdigini aýdýarlar. Petagonyň garaýşyça, Talyban söweşijilerini owgan jemgiýetine gaýtadan integrirlärden entek ir.
XS
SM
MD
LG