Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda bolan hüjümde bäş adam heläk boldy


Düýn Eýranyň Kürdistan welaýatynda howpsuzlyk güýçlerine edilen hüjümde bäş adam heläk boldy.

Bu welaýatyň howpsuzlyk güýçleriniň başlygynyň orunbasary Ebrahim Kazeminejadyň aýtmagyna görä, häzirki režime garşy çykyş edýän iki adam tarapyndan edilen şol hüjümde howpsuzlyk güýçleriniň 4 agzasy bilen birlikde bir ýerli ýaşayjy hem heläk bolupdyr.

Kürdistan welaýatynyň paýtagty Sanandajda bolan şol wakada howpsuzlyk güýçleriniň 1 agzasy bilen bir hatarda 4 ýaşaýjynyň hem ýaralanandygy habar berilýär. Etniki kürtleriň jemlenen bu regionynde soňky döwürlerde dartgynlylyk barha artýar.
XS
SM
MD
LG