Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Şewronyň» we «Totalyň» ýolbaşçylary Türkmenistana barýar


Düýn Türkmenistanyň hökümeti energetika pudagynda Birleşen Ştatlaryň «Şewron» hem-de Fransiýanyň «Total» korporasiýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmekçidigini mälim etdi.

Hususan-da, düýnki geçirilen hökümet maslahatynda wise-premýer G.Hojamuhammedow «Şewron» we «Total» korporasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýakyň günlerde Türkmenistana sapar edip, ýurduň häkimiýetleri bilen Türkmenistanyň energiýa sektoryny ösdürmek işlerine gatnaşmak meselesi barada gepleşik geçirjekdiklerini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, bu gepleşiklerde esasan «Şewron» we «Total» korporasiýalarynyň Kaspi deňzindäki Türkmenistana degişli käbir energiýa ýataklaryny özleşdirmek işlerine gatnaşmak meselesi barada gürrüň ediler.

Şu ýylyň awgustynda prezident Berdimuhamedow ýurduň energiýa pudagynyň ýolbaşçylaryna Kaspi deňzindäki energiýa ýataklaryny özleşdirmek işlerini çaltlandyrmaklyga görkezme beripdi.
XS
SM
MD
LG