Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýazyjylar, ýazyjylar…


Islendik täze hökümet gurlanda, geçiş döwründe Watan, hakykat üçin göreşýän syýasatçylar bilen bir hatarda, intelligensiýa wekilleri-de jebir çekýärler. Aýratyn-da hakykatçy ýazyjynyň, žurnalistiň başyna kyn işler düşýär. Sebäbi bu adamlar halkyň öňüne çykyp, pikirlerini aýdyp bilýän adamlar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, sowet hökümeti biziň örän kän intelligensiýa wekillerimizi — ýazyjylarymyzy, alymlarymyzy, žurnalistlerimizi, mugallymlarymyzy ýanapdy, tutupdy, türmelere basypdy hem-de atypdy. Olar «ideýa taýdan gyşarmakda» hem-de «rewolýusiýa garşy hereket etmekde» aýyplanýardy. B.Kerbabaýew, O.Wafaýew, A.Gulmuhammedow, G.Burunow, B.Garryýew, B.Jürmenek, D.Amanekow, G.Nepesow, O.Abdalow...

Sowet hökümeti tarapyndan jebir çeken intelligensiýa wekilleriniň sanawyny näçe uzaltsaň, uzaldyp oturmaly.

Ýaş nesil olaryň ýazan goşgularyny, eserlerini, makalalaryny okaýar-da goýýar. Olaryň başyndan näme geçenini welin bilenok. Sebäbi biziň ýazyjy-žurnalistlerimiziň, alymlarymyzyň, mugallymlarymyzyň, umuman, intelligensiýamyzyň uly nesilleriniň başyndan geçen hakykat häzirki nesle ýetirilmeýär. Olaryň çeken jebirleri okuw kitaplaryna hakykaty bilen girizilse gowy boljak.

Sowetleriň zalymlygyndan jebir çekenleriň birem şahyr, ýazyjy, dramaturg Garaja Burunowdyr.

Garaja Burunow hakda mekdep okuwçylary üçin niýetlenen kitapda şeýle maglumatlar berilýär: «Garaja Burunow türkmeniň talantly şahyry, dramaturgy hem ökde terjimeçisidir. Ol 1896-njy ýylda Tejende eneden dogulýar. Ilki mekdepde, soňra Kakadaky medresede, Tejende açylan ýerli rus mekdebinde okap bilim alýar.

Garaja Burunow
Garaja Burunow Tejen etrabynda ilki söwda organlarynda, soňra magaryf işlerinde işleýär. Ol 1924-nji ýylda Aşgabada gelip, metbugatda işleýär hem döredijilik işine başlaýar. Garaja Burunow ençeme goşgy-poemalary ýazyp, ýigriminji asyr türkmen poeziýasynyň kemala gelmegine uly goşant goşýar. Ol Şekspiriň «Otello», «Korol Lir», Gogolyň «Derňewçi», Samet Wurgunyň «Şirin-Perhat», Şilleriň «Söýgi we mekirlik», «Öz göwnüne hassa», eserlerini, Puşkiniň, Krylowyň dünýä belli eserlerini türkmen diline terjime edýär. Şeýle hem Garaja Burunow «Seýdi», «Gül-Bilbil», «Ýusup-Ahmet», «Şasenem-Garyp», «Kemine we kazy», «Leýli-Mežnun» operalaryna librettolary, «Seýdi», «Arslan» pýesalaryny ýazýar.
Garaja Burunowyň «Leýli-Mežnun operasy, «Aldarköse» baleti, «Keýmir kör» dramasy şu günler hem türkmen sahnasynyň bezegi hasaplanýar.» Ine, Garaja Burunow hakda mekdep okuwçylaryna berilýän maglumat şeýle.

Garaja Burunow 1932-nji ýylda ençeme beýleki ýazyjy-şahyrlar bilen bilelikde sowet hökümetiniň zalymlary tarapyndan tussag edilýär. Urup, onuň boýun oňurgasyny döwýärler. Şu sebäpden onuň bil oňurgasynyň ýiligine agram düşýär hem-de ol el-aýagy ysmaz keseline sataşýar. 1932-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda ony Daşkentiň harby gospitalyna taşlaýarlar. Boýun oňurgasyny ýokaryk çekmek çäreleri geçirilip başlanandan soň onuň ýagdaýy birneme gowulaşýar. Ýöne lukmanlar onuň doly sagaljagyna güwä geçip bilenoklar. «Geljekde onuň oňurga ýiliginiň işleýşi öňküsi ýaly bolup bilmeli däl. Onuň psihiki ýagdaýy barada aýdanymyzda bolsa, psihikasyna şikes ýeten adamlarda bolşy ýaly, ol wagtal-wagtal samraýar, häzirki wagtda ol samramakdan, manysyz sözler aýtmakdan saplandy. Ol özüniň aňyny ýitirip, biderek zatlary samraýandygyny boýun almak islemeýär. Onuň saglyk ýagdaýy stasionar bejerilişiň dowam edilmegine mätäçlik edýär» diýlip, Garaja Burunowy ýene sorag edilmelere ugradýan wraçlaryň galdyran ýazgylarynda ýazylypdyr.

Garaja Burunowyň soňky döredijilik işlerinden çen tutsak, ol soňra birneme sagalan bolmaly. Urgulardan hem jebirlerden soň ol sowet hökümetiniň göwnünden turjak goşgulary ýazyp ugraýar:

Leniniň ýoly parlaýar!
Partiýa permany gülleýär!!
Kommunizme tarap—ýör öňe!
Ýör öňe! Ýör öňe! Dost!—
Ýör öňe! Öňe! Öňe!


Şundan soň Garaja Burunow türkmen-sowet ýazyjysy hökmünde türkmen-sowet edebiýatyna girizildi.

Alaç ýok. Taryhda adamlaryň başyna zalym hökümetler tarapyndan şeýle oýunlar köp salyndy. «Zoruny görse — düň (kütek) gazyk ýere girer» diýipdirler.

Ýazyjylara «zoruny» görkezmek usulyny Nyýazowyň başistik hökümeti hem ulandy. Bu zoruň netijesinde köp talantly türkmen ýazyjy-şahyrlary ata Watanlaryndan çykyp, daşary ýurtlara gitmeli boldular.

Mälim bolşy ýaly, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet we bilim ulgamynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdi. Şol maslahatda taryhy hakykaty dikeltmek barada gürrüň edildi. Bu maslahatda aýdylanlardan ugur alnyp, türkmenleriň sowet hökümeti ýyllary içinde başyndan geçiren taryhy hakykaty hem halka, nesillere aýdyňlygy bilen ýetirilse, gowy bolardy.

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG