Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kitap bolmasa, bilimli il bolmaz!


Türkmenistanyň prezidentiniň kararyna laýyklykda şu ýylyň birinji aprelden etrap merkezlerindäki kitaphanalar işe başlady. Indi olar etrap medeniýet merkezleriniň düzüminden aýrylyp, özbaşdak edara boldular. Şonuň ýaly-da, prezidentiň karary bilen etrap, şäher merkezi kitaphanalarynyň her birini 500 nusga kitap bilen üpjün etmek «Galkynyş» kitap merkeziniň üstüne ýüklenildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda, esasan, Saparmyrat Nyýazowyň ady bilen çykarylan kitaplar, şonuň ýaly-da, onuň bilen baglanyşykly kitaplar neşir edildi. Häzirki döwürde-de syýasy neşirlere bat berilýär. Klassyk edebiýatdan bäş-on sany kitap çykaryldy. Emma olaryň hem tiražy sähelçe.

Ýakynda Aşgabatda geçirilen sergi ýarmarkasynda hem Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan şu ýylda neşir edilip başlanan türkmen nusgawy şahyrlarynyň, şeýle hem geçen asyryň ortalarynda ýaşap geçen ýazyjylardyr şahyrlaryň tapgyrlaýyn çap edilen kitaplary görkezildi. Ýöne bu kitaplar umumy hasap bilen alanyňda 20 awtora-da ýetmeýär.

Häzirki wagtda edebiýat ýetmezçiligi ýurduň ähli ulgamlarynda duýulýar. Täze döwrüň nukdaýnazaryndan ýazylan türkmen dilinde ykdysady, ýuridiki, syýasy kitaplar neşir edilmeýär. Öňki kiril elipbiýinden latyn elipbiýine geçilenine on ýylyň bolandygyna garamazdan, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini gaýtadan täze elipbiýde neşir etmek işleri-de juda haýal alnyp barylýar.

Neşir edilýän kitaplaryň az bolmagy, kitaphanalaryň halka doly elýeterli bolmazlygy, elektron görnüşdäki kitaplaryň ýeterlik derejede ýaýradylmazlygy ýaşlaryň kitap okamak endigine, şeýle hem olaryň edim-gylyklaryna ýaramaz täsir edýär diýen pikirler öňe sürülýär.

Şu meseleler bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa Mary welaýatynyň ýaşaýjysy bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň
XS
SM
MD
LG