Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hukuk goraýjy aktiwistine haýbat atylýar


Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin özüne haýbat atylyp, internet sahypasyna hüjüm edilendigini mälim etdi. Ol bu barada ýörite beýanat ýaýratdy.

Farid Tuhbatullin Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu mesele bilen bagly şeýle diýdi: “Sentýabr aýynyň ahyrynda Döwlet howpsuzlyk geňeşinde çykyş edip, Türkmenistanyň prezidenti neşe söwdasy bilen meşgullanýanlara garşy göreşi güyçlendirmek bilen bir hatarda, onuň aýtmagyna görä Türkmenistana “töhmet atýanlara” garşy göreşi alyp barmagy dowam etdirmegi tabşyrdy. Şol geňeş bilen baglymy ýa däl – ony bilemok. Emma şondan soň biziň saýtymyza hüjüm edilip başlandy”.

Farid Tuhbatullin alyp barýan işi bilen baglylykda özüne birnäçe gezek haýbat atylandygyny hem gürrüň berdi.
XS
SM
MD
LG