Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki KGB-niň jemgyýetdäki orny


Ors žurnalistleri Andreý Soldatow bilen Irina Boroganyň “The New Nobility: The Restoration Of Russia’s Security State And The Enduring Legacy Of The KGB" atly täze kitaby. Bu kitapda öňki KGB-niň we häzirki FSB-niň jemgyýetdäki roly barada gelnen netijeler hakda gürrüň edilýär.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyndan Nikola Krastew bu kitabyň awtorlary bilen söhbetdeş boldy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Bu kitapda gelnen esasy netijeler näme?

Irina Borogon: KGB-niň hataryndaky Putiniň bu derejä ýetmegine köp üns berildi. Köp adamlar ol täze Orsýetde KGB-niň hökümeti ele almak baradaky gizlin planyna degişlidir öýtdüler. Ýöne FSB-niň işleri analizlenensoň, ýagdaý beýle däl diýen netijä gelindi. Muňa garamazdan, FSB täze güýç-gudratyň diregine öwrülip, öz gizlinlik we şübhe metodlaryny, ýurtdaky çekişme we tankydyň ähli formalaryny basyp ýatyrmak baradaky tutanýerliligini güýçlendirdi. Bu metodyň ulanylmagy jemgyýete oňaýsyz täsir etdi. Bizde açyk çekişme, syýasy bäsleşik ýa erkin pikir alyş-çalyş galmady.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: KGB bilen FSB-niň arasyndaky tapawutlar nädereje?

Andreý Soldatov:
Sanlary ölçeg edinsek, onda sowet KGB-si, elbetde, güýçlüdi. Sebäbi Sowet Soýuzy häzirki Orsýetden uludy. Ýöne häzirki ýagdaý bilen deňäniňde, FSB käbir babatlarda KGB-den güýçli gurama. Bu biziň derňwelerimizde gelen esasy netijelerimiziň biri. Bu barada KGB bilen meňzeşlik az. Sebäbi KGB kommunistik partiýanyň berk gözegçiligindedi. Onuň her bir bölüminde partiýanyň adamlary bardy. KGB-niň işgärleri partiýa apparatlaryny närazy etmekden gaty gorkýardylar. KGB-niň içindäki partiýa adamlary hem bu ýerdäki kemçilikleri partiýanyň ýokary apparatlaryna habar bermelidi. Ýöne indi beýle zat ýok.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: FSB-niň ykdysady bähbitleri barada köp zatlar aýdylýar. Hakyky ýagdaý nähili?

Irina Borogon: FSB-de Orsýetdäki beýleki institusiýalaryň köpüsi ýaly parahor, hatda olardan hem beter. Olar hususy guramalardan gaty güýçli. Sebäbi her bir biznesiň garşysyna jenaýat işini ýola goýup, ondan maddy gazanç üçin peýdalanyp bilýärler. FSB-niň işgärleri dürli kompaniýalarda möhüm wezipelere bellenýär.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: 2012-nji ýylda prezidentlik ugrundaky kampaniýada FSB-den näme zatlara garaşyp bolar?

Andrei Soldatov: Meniň ilki bilen aýtjak zadym, FSB-niň prezident Medwedew üçin aşa möhüm rol oýnaýanlygy. Medwedew Putiniň döwründe howpsuzlyk apparatlary tarapyndan gazanylanlary aradan aýyrmak islänok. Ol gazanylan netijelerden we syýasy durnuklylykdan razy.

Şol bir wagtyň özünde-de Medwedew ýeke FSB diýip duranok. Ol şol bir maksatlar üçin Içeri işler ministrliginden peýdalanýar. Mysal üçin, ýadyňyzda bolsa, onuň çykaran ilkinji permanlarynyň biri bilen ekstremizme garşy göreşde köp ygtyýarlylyk bereni Içeri işler ministrligi boldy. Orsýetde ekstremizm diýlende, köplençe ilatyň hökümetden närazy gatlagy, syýasy durnuklylyga howp saljak adamlar göz öňünde tutulýar. Şol sebäpden syýasy kampaniýada FSB Medwedew ýa Putin tarapyndan ulanyljak esasy gural bolar öýdemok.

Galyberse-de, FSB-e erk etmek aňsat iş däl. Oňa indi ne jemgyýet, ne-de Kreml kontrollyk edip bilýär. Putiniň ýa Medwedewiň hem ol ýerde işleýän adamlaryň goldawyna nädereje bil baglap biljekdigi belli däl.
XS
SM
MD
LG