Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň indiki prezidenti


Sakwa: "Putin bilen Medwedewiň arasyndaky üýtgeşikligi ulaltmaly däl, ýöne olaryň tapawutly nygtaýşa ýykgyn edýänligi hakykat".
Sakwa: "Putin bilen Medwedewiň arasyndaky üýtgeşikligi ulaltmaly däl, ýöne olaryň tapawutly nygtaýşa ýykgyn edýänligi hakykat".
Riçard Sakwa

Institusiýalary gowşak, syýasaty şahsyýete eýermegi däp edinen sistemada 2012-nji ýyldaky saýlawlarda Orsýetiň prezidenti kim bolar diýen sorag bu gün ýurtda esasy mesele bolup durýar.

Oruntutar problemasy Orsýetde ozal hem syýasy gatlagyň wagtyny alman duranokdy. Ýöne dinamika welin, her gezekde tapawutly. Bu tapawut prosesiň adaty herekete öwrülendigini görkezýärmi ýa-da syýasy şahsyýetleriň özara garşylaşygy bolup durýarmy - bu entek jogapsyz ýatan sorag.

2007-2008-nji ýyllarda bu prosesi şöhlelendiren ýurduň Konstitusiýasy bolupdy. Prezident Putin Baş kanuna laýyklykda iki möhletden soň wezipeden gitdi. Bu iş konstitusion syýasatyň formal çäklerini güýçlendirmekde bir möhüm sepgitdi. Ýöne netijäni kesgitlän saýlaw sistemasynyň galplaşdyrylmagy saýlawda hakyky bäsleşigiň çäklendirilmegi boldy.

2007-2008-nji ýyllarda režim bilen ilteşikli fraksiýalaryň arasynda we öz içinde dowam eden agyr konflikt oruntutar meselesini şöhlelendirdi. Orsýet şonda bu ugurda iki bäsleşigi başdan geçirdi. Bularyň biri merkezi saýlaw komissiýasynyň kadalaşdyrylmagy, syýasy partiýalaryň we medianyň ornaşdyrylmagy bilen jemgyýetçilikde, beýlekisi bolsa sahnalaryňa aňyrsynda gizlinlikde geçdi.

Ýöne bu gezekki oruntutar bellemek işi birneme başgaça. Ilki bilen-hä prezidentlige dalaş edýän iki esasy bäsdeş öňünden belli. 2007-2008-de bolsa baş kandidatlar barada bizde diňe çaklamalar bardy.

Putin höküm sürýän goşa lideriň premýer-ministri hökmünde prosesiň tutuşlygyna Konstitusiýanyň çäklerinde geçjekdigini ençeme gezek nygtady. Ýöne ol wagt golaýlanda, prezident Medwedew bilen gürleşip, kimiň orta çykmalydygy barada bir karara gelinjekdigini-de bildirdi. Putin soň hem “iň soňky karar halkyňky bolar” diýmegi-de ýatdan çykarmady.

Putin Orsýetiň dürli regionlaryna edýän, halka hem doly ýetirilýän saparlary bilen mydama saýlaw göreşinde görünýär. Medwedew hem syýasy kimlik we programma üçin öten aý Ýaroslawlda geçen Gobal syýasy forumdan peýdalandy.

Biz Medwedewiň esasy çykyşlarynda yglan eden pikirlerini dykgat bilen amala aşyrýandygyny bilýäris. Şol sebäpden onuň Ýaroslawlda öňe süren pikirlerini hem bu ýa beýleki formada amala aşyrjagyna yanýarys. Başgaça aýdanyňda, Medwedew üçin ikinji möhlet bir tebigy zat. Putiniň häkimiýet başyna gelmegine bolsa, geçmişe dolanmak diýip düşüniler.

Putin öz premýerlik wezipesini belli bir derejä çenli üstünlikli ýerine ýetirdi, global maliýe krizisini köp zyýan çekmän, arka atdy. Ýurduň ykdysady ösüşi häzir bäş prosente golaý. Galyberse-de, ol daşarky işleriň indi özüni gyzyklandyrmaýanlygyny aýdýar.

Putin bilen Medwedewiň arasyndaky üýtgeşikligi ulaltmaly däl, ýöne olaryň tapawutly nygtaýşa ýykgyn edýänligi hakykat. Olaryň ikisi-de şol bir esasy syýasy gymmatlyklara ýapyşsa-da, maksatlaryny amala aşyrmak üçin ulanýan metodlary biri-biriniňkiden tapawutly. Syýsatda hem milletiň ykbalyny şekillendirýän zat köplenç hut şu bolýar.

Richard Sakwa is professor of Russian and European politics at the University of Kent. His book, "The Crisis Of Russian Democracy: The Dual State, Factionalism, And The Medvedev Succession" (Cambridge University Press), is due out in early 2011.

Riçard Sakwa Kent uniwersitetiniň Russiýa we Ýewropa syýasaty boýunça professory. Onuň “Rus demokratiýasyndaky krizis: goşa döwlet, fraksiýasçylyk we Medwedewiň oruntutary” atly kitaby (Kembridj uniwersitetiniň neşiri) 2011-nji ýylyň başynda çap ediler. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG